Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar. Bu Gulluk intellektual eýeçiligiň desgalarynyň hukuk goraglylygy babatdaky ýöriteleşdirilen bölümçe bolup durýar. Onda ýokary hünärli işgärler zähmet çekýärler. Intellektual eýeçiligiň desgalaryny hukuk taýdan goramagyň netijesinde ýüze çykýan eýeçilik we eýeçiligi bolmadyk gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda we durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Raýatlyk Kodeksi, “Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda”, “Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda”, “Harytlyk nyşanlar, hyzmat nyşanlary we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary hakynda”, “Elektron hasaplaýyş maşynlary, integral mikroshemalaryň maglumat binýatlary we tehnologiýalary üçin programmalary, algoritmleri hukuk taýdan goramak hakynda”, “Tohumçylygyň ýeten derejesini hukuk taýdan goramak hakynda”, “Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda” Kanunlar we beýleki kadalaşdyryş namalary intellektual eýeçiligi goramakda esasy kanunçylyk binýady bolup durýar. Bu kanunçylyk namalary intellektual eýeçiligi goramagyň meseleleri bilen baglanyşykly hukuk kadalaryny özünde jemleýär. Intellektual eýeçiligiň desgalarynda ýuridiki we şahsy taraplaryň hukuklaryny kadalaşdyrýar. Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamyndaky meseleleri çözmegiň kazyýete çenli we kazyýet usullary göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, senagat eýeçiliginiň desgalaryna degişli kanunlar şahsy taraplaryň olaryň ýüztutmalaryna, Appelýasiýa toparynda we kazyýet edaralarynda düzgün bozmalaryň görnüşlerine laýyklykda, hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meselelere seredýän kadalary özünde jemleýär. Türkmenistanyň kanunçylygy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň eýeleriniň hukuklarynyň bozulandygy üçin jeza kadalaryny özünde jemleýär. Ol Jenaýat Kodeksinde, Administratiw hukuk bozmalar hakyndaky Kodeksde we Gümrük Kodeksinde göz öňünde tutulýar. Gullugyň hünärmenleri senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk goraglylygy bilen baglanyşykly ähli işleri amala aşyrýarlar: oýlap tapyşlar, senagat nusgalary, harytlyk nyşanlar we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary, tohumçylygyň ýeten derejesi, awtorlyk hukuklary, şol sanda arzalary kabul etmek hem-de barlamak, çözgütleri we gorag resminamalaryny bermek, intellektual eýeçiligiň goralýan desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almak, patente we harytlyk nyşanlara bolan hukugy geçirmek hakyndaky lisenziýaly şertnamalar we şertnamalar, olaryň eýeleriniň atlarynyň hem-de salgylarynyň üýtgemegi, gorag resminamalaryny bermek hakyndaky resmi maglumatlar gollanmasynda çap etmek, olaryň eýeleriniň hukuk derejesiniň üýtgemegi, bellige alnan şertnamalar, ýatyrylan gorag resminamalary ýaly elektron hasaplaýyş maşynlar üçin programmalar we algoritmler. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda anyk ädim ädildi. Munuň özi ýurdumyza senagat eýeçiligi pudagynyň halkara patent ulgamyna goşulmaga mümkinçilik berdi. 1994-nji ýylda Türkmenistan Ýewraziýanyň patent konwensiýasyna goşuldy. 1995-nji ýylda Türkmenistan üç halkara şertnamalara agzalygyny dowam etmek hakyndaky jarnama, hususan-da, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda kabul edilen we 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda rejelenen Konwensiýasyna; 1883-nji ýylyň 20-nji martynda kabul edilen senagat eýeçiligini goramak hakyndaky Pariž konwensiýasyna gol çekdi. Oňa 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda täzeden garaldy we 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda rejelenildi: 1970-nji ýylyň 19-njy iýunynda baglaşylan patent kooperasiýasy hakyndaky Şertnama 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda rejelenilip, ol 1984-nji ýylyň 3-nji fewralynda üýtgedildi. 1999-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň harytlyk nyşanlary halkara derejede bellige almak hakyndaky Madrid ylalaşygynyň teswirnamasyna goşulmagy hakyndaky nama gol çekildi. (1989 ý. 27-nji iýun). Senagat eýeçiligini goramagyň halkara ulgamyna ýurtlaryň gatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem bu ulgamdaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ony halkara hukuk kadalary bilen utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan 2006-njy ýylda esasy Halkara synplary esaslandyrýan şertnamalara goşuldy. 1971-nji ýylda Halkara patent klassifikasiýasy hakyndaky Strasburg ylalaşygyna, Senagat nusgalarynyň Halkara klassifikasiýasyny esaslandyrmak hakynda (1968 ý.) Lokarn ylalaşygyna, Harytlaryň we nyşanlary bellige almak üçin hyzmatlaryň Halkara bölünişigi hakynda (1957 ý.) Nissa Ylalaşygyna, Nyşanlaryň şekillendiriş serişdeleriniň Halkara klassifikasiýasyny döretmek hakynda (1974 ý.) Wena ylalaşygyna. 2015-nji ýylda Türkmenistan 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. Şeýle hem ýurdumyz 2016-njy ýylda edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy. Ýokarda agzalan intellektual eýeçiligiň desgalarynyň hatarynda, hususan-da, senagat desgalarynyň bardygyny bellemeli. Intellektual eýeçiligiň bu ulgamynda we beýleki ugurlarda adam oýlanmalary çäksiz bolup durýar. Adamlar her günde bezegi emele getirmegiň täze usullaryny oýlap tapýarlar. Şol täze pikiri ulanmagyň hukugyny goramak üçin senagat desgalarynyň hukuk goragy ulgamy ýekelikde hereket edýär. Senagat nusgasy — munuň özi adamyň çeper döredijilik pikiriniň anyk netijesidir. Senagat nusgalary ýa-da ýöne nusgalar diýlende önümiň çeperçilik bezegi ýa-da onuň gözellik serişdesi göz öňünde tutulýar. Senagat desgalaryny ulanmagyň hasabyna önümler daşky görnüşe we sarp edijilik özüne çekijiligine eýe bolýar. Netijede, önümleriň täjirçilik nyrhy we ony ýerlemegiň mümkinçiligi artýar. Senagat nusgalarynyň eýesi senagat nusgalaryny bellige alan şertinde goramaga hukuk gazanyp bilýär. Mundan başga-da, senagat nusgalaryny bellige almak senagat nusgalaryna gönükdirilen serişdelerden girdeji almagyny şertlendirýär we halal bäsdeşligi üpjün edýär. Bu bolsa, alyjylara özi üçin has ýaramly bolan harydy saýlamaga mümkinçilik berýär. Adatça, senagat nusgalarynyň goraglylygy ýurduň gorag bilen üpjün edilen çäkleri bilen çäklendirilýär. 2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň “Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda” we “Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda” iki sany Kanuny kabul eden gününe çenli senagat eýeçiliginiň desgalaryna hukuk goraglylygyny Türkmenistanyň 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul eden “Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda” Kanuny üpjün etdi. Türkmenistanyň senagat eýeçiligi ulgamyndaky kanunçylygyny halkara kadalara laýyk getirmek maksady bilen, täze iki Kanuny kabul etmek zerurlygy 1999-njy ýylda senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa teswirnamasynyň güýje girizilmegi bilen (ol Türkmenistanyň çäginde 2016-njy ýylyň 16-njy martynda güýje girdi) ýüze çykdy. Türkmenistanyň “Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakyndaky” täze Kanunyna üýtgetmeleriň girizilendigini bellemeli. Ol ýokarda görkezilen ylalaşyklaryň talaplaryna laýyk gelýär. Senagat eýeçiliginiň meselelerini kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň “Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda” we “Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda” täze Kanunlaryna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Oýlap tapyşlar bilen baglanyşykly hereketler üçin tölegiň we yzyna bermegiň tertibi”, “Töleg tutulýan oýlap tapyşlar bilen baglanyşykly hereketleriň sanawy we tölegiň möçberi”, “Senagat nusgalary bilen baglanyşykly hereketler üçin tölegiň we ony yzyna bermegiň tertibi we töleg alynýan senagat nusgalary bilen baglanyşykly hereketleriň sanawy we tölegiň möçberi” tassyklanyldy. Senagat nusgalary bilen baglanyşykly täze resminamanyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa teswirnamasynyň talaplaryna laýyk gelýändigini bellemeli. Bu resminamada töleg tutulýan senagat nusgalary bilen baglanyşykly hereketleriň täze görnüşleri peýda boldy. Şeýle hem daşary ýurtly isleg bildirýänleriň daşary ýurt walýutasyndaky tölegi göz öňünde tutuldy. Birnäçe adamlar üçin niýetlenen ýeňillikler üýtgedildi. Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň (IEBG) edara ediş çäreleri tarapyndan ýerine ýetirilýän senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak baradaky ylalaşyk hakynda, has anyk aýdylanda bolsa, halkara bellige almagyň şu aşakdaky tertibi öňe sürülýär. Isleg bildirýän Gaaga ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň haýsyny saýlap alsa-da, senagat nusgalarynyň goragyny üpjün edip biler. Ol IEBG-niň üsti bilen ýa-da milli edaralaryň üsti bilen bir arza ýazmak arkaly goragy üpjün edip biler. Şeýlelikde, bir döwlet salgydyny tölemek we bir arza bermek bilen, arzaçy senagat nusgalarynyň goragyny birbada birnäçe ýurtda ýola goýup biler. Şunda ol öz wagtyny we serişdesini tygşytlar. Çünki beýleki bir ýurtda senagat nusgalaryny bellige almaga arza bermek diňe ýurduň wekiliniň ynanylan patentiniň üsti bilen amala aşyryp biler. Onda goragy ýola goýmak zerur bolup durýar. Halkara bellige almak ulgamy degişli ýurtlaryň her birinde bardyr. Eger nusga gönüden-göni her bir ýurtda bellige alnan bolsa, şeýle herekete ýol açylýar. Şol ýurduň degişli edarasy gorag bermekden ýüz dönderen pursadynda bu ýurtda goýman biler. Şeýle hem Gaaga ulgamy senagat nusgalarynyň soňky dolanyşygyny has ýeňilleşdirýär. Ol soňky üýtgetmeleri bellige almak ýa-da IEBG-niň Halkara býurosynyň alyp barýan ýeke-täk we ýönekeý çäresi arkaly soňky möhlete bellige alýar. Gaaga ylalaşygyna laýyklykda, onuň hereket edýän ýurtlarynda almak üçin öz ýurduňda nusgalaryň hukuk goraglylygyny edinmegiň hökman däldigi patenti almagyň artykmaçlygy bolup durýar. Ýöne bu ulgamyň käbir ýetmezçiligi bar. Wagtyň geçmegi bilen siz beren arzaňyzy senagat nusgalaryňyzy bellige almak isleýän ýurtlaryň täze sanawyna goşmak hukugyna eýe bolup bilmersiňiz. Ýokarda agzalan gatnaşyjy ýurtlaryň islendik raýaty taraplaryň her biriniň gatnaşyklary boýunça ylalaşyga arza berip bilýär. Senagat nusgasy – adamynyň çeper ulgamdaky döredijilik işiniň netijesi. Senagat nusgasynyň — hukuk goragy, hukuk eýesiniň ygtyýary bolmasa, nusgany köpeltmek ýa-da ony göçürmek bolmaýanlygydyr. Şeýle ygtyýarsyz taýýarlanan önümler satylyp hem-de satyn alnyp bilinmez. Senagat nusgasyna bolan hukugy tassyklaýan resminama bellige almak hakyndaky şahadatnama ýa-da patent diýlip atlandyrylýar. Senagat nusgalaryna bolan gorag hukugy döredijiligi giňeldýär we senagatyň ösüşini höweslendirýär. Senagat nusgalarynyň goragy diňe bir ýurduň ösüşiniň umumy maksatlaryna ýetmegi şertlendirmän, eýsem oňa senagat we işlenip taýýarlaýan kompaniýalaryň, sarp edijileriň bähbidini beýan edýär. Senagat nusgasynyň estetiki sarp edijileri kanagatlandyrmaga niýetlenendigini nazara alanyňda, onuň şekillendiriş sungaty eserlerine ýakynlaşýandygyny bellemeli. Olaryň hukuk goraglylygy awtorlyk hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Senagat nusgalarynyň çeper derejesine baha berlende, onuň estetiki aýratynlygyna, tehniki taýdan ulanylyşyna üns berilýär. Şekillendiriş sungaty hökmünde onuň çeperçilik derejesi göz öňünde tutulmaýar. Senagat önümleriniň daşky görnüşiniň çeperçilik çözgüdi önümleriň dürli gurnamalaryny döretmek arkaly amala aşyrylýar. Hut şonuň üçin hem tehniki taýdan gurnamak önümiň daşky görnüşini üýtgeden ýagdaýynda senagat nusgalarynyň we oýlap tapyşlaryň çäklerini giňeltmek hakyndaky mesele ýüze çykýar. Senagat nusgasy haýsydyr bir zadyň tebigatyny, onuň işini we usullaryny beýan etmekden we kesgitlemekden gaça durmalydyr. Senagat nusgalarynyň hukuk goragy anyk görnüşde çeper-gurnama çözgütleriň dörän wagtynda amala aşyrylýar we döwlet gözegçilik edarasynda hukuk bezeginiň çäklerinde, şeýle hem senagat nusgalaryna we olaryň buýruklaryna anyk hukuklaryň peýdalanylýan döwründe amala aşyrylýar. Senagat nusgasyna eýeçiligiň hukugy döwlet tarapyndan goralýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda senagat nusgasy patent bilen berkidilýär. 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda kabul edilen resminamalaryň ýerli isleg bildirýänlere öz senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa Teswirnamasyna gatnaşyjy ýurtlarda has ýönekeýleşdirilen görnüşlerde almaga mümkinçilik berýär.