Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 05.07.2018
1807

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylyň 24 — 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Ruhyýet köşgünde geçirmeli. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeli. 3. Şulary tassyklamaly: 1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini; 2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibini; 4. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary şu Permanyň üçünji böleginde görkezilen Tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmeli hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalaryň sanawyny 2018-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna bermeli. 5. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 5-nji iýuly.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow