Ozal habar berlişi ýaly, şu aýda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň wekiliýetiniň öňde boljak foruma gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini we halkara guramalaryň 50-den gowragyny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede uýgunlaşdyrylmagy boýunça «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi. Oňa ykdysady ylymlaryň doktory, professor, «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktory Muhammetgeldi Ataýew; ykdysady ylymlaryň kandidaty, döwlet maliýe we ykdysady syýasat boýunça birleşdirilen müdirligiň başlygy Galina Romanowa; Strategik we durnukly ösüş institutynyň durnukly ösüş syýasaty müdirliginiň başlygy Gülaýym Şükürowa we döwlet maliýe we ykdysady syýasaty boýunça birleşdirilen müdirligiň halkara bölüminiň başlygy Batyr Gajarow gatnaşdylar. M.Ataýew: EKOSOS barada düşünje bermek isleýärin. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 14-siniň, funksional toparlaryň dokuzysynyň we sebitleýin toparlaryň bolsa bäşisiniň ykdysady, durmuş we beýleki degişli işleriniň utgaşdyrylmagyna jogap berýän BMG-niň esasy alty guramasynyň biri bolup durýan abraýly halkara düzümdir. EKOSOS-nyň ygtyýaryna BMG-niň tutuş ulgamynyň adam we maliýe serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy girýär. EKOSOS-nyň ähli işine 54 döwlet gatnaşýar. Ýurdumyz 2013 — 2015-nji ýyllar üçin döwürde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolupdy. Ýakynda — 2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna saýlanmagyna ses berdi. Şunlukda, Türkmenistan we BMG parahatçylykly ösüşiň möhüm ugurlary boýunça ýygjam hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek tassyk etdiler. G.Romanowa: Bu hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň kanunalaýykdygyny aýdasym gelýär, çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady we ekologiýa ugurlary boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy. Bu bolsa milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli utgaşmakda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi Türkmenistana tejribelerini we anyk işläp taýýarlamalaryny beýleki ýurtlar bilen paýlaşmaga hukuk berýär. Şeýlelikde, durnukly ösüşiň ähli üç ugurlaryny ilerletmek boýunça BMG-niň ulgamynyň işinde möhüm orun eýeleýän EKOSOS halkara derejedäki maksatlary we wezipeleri ylalaşmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar. G.Şükürowa: Türkmenistan özüniň agzalygynyň çäklerinde soňky onýyllygyň dowamynda dünýä bileleşigine halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, dünýäniň dürli döwletleri we sebitleri bilen durnukly ösüş babatda goşulyşmakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýokary derejede ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz örän jogapkärli döwürde EKOSOS-a agza boldy. Şol döwürde BMG-niň sammitine taýýarlyk görlüpdi. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Durnukly ösüş boýunça täze Gün tertibi kabul edildi. B.Gajarow: EKOSOS-nyň howandarlygynda geçjek ýokary derejedäki syýasy foruma 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlary babatdaky Gün tertibiniň ýerine ýetirilişine monitoring boýunça BMG-niň ulgamyndaky köptaraply gurala möhüm orun degişli bolup durýandygyny bellemek isleýärin. Şu ýyl forumyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumlaryň belent münberinden çykyş edip, ençeme gezek ünsi çeken ilaty suw serişdeleri bilen üpjün etmek, suwy rejeli peýdalanmak, energiýanyň ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine çykalgany ýola goýmak, şeýle hem ekologiýa meselesi, şol sanda çölleşmäge garşy göreş, bioköpdürlüligi saklamak we beýlekiler ýaly ählumumy derejedäki möhüm meselelere garalar. M.Ataýew: EKOSOS-nyň düzümine gatnaşmak bize näme bähbit getirer diýen sowal ýüze çykýar. Bu abraýly gurama agza bolmak ýurdumyza BMG-niň dürli düzümleriniň Merkezi Aziýa sebitlerinde we Hazar deňziniň çäklerinde işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri peýdalanmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ilatyň durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara hem-de milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler onuň esasy ugry bolup durýar. Eger-de aýdylanlary jemlesek, onda Türkmenistanyň EKOSOS-a saýlanmagy bir tarapdan täze başlangyçlary öňe sürmek we amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini durnukly ösüş boýunça milli tejribämiz bilen tanyşdyrmaga şert döredýär. Beýleki tarapdan bolsa döwletimiziň üstüne bu halkara guramanyň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamakda we kabul etmekde çynlakaý jogapkärçiligi ýükleýär. G.Romanowa: Gürrüňsiz suratda Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, giň üns berilmegine mynasypdyr. Ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ençemesiniň işine, EKOSOS-nyň funksional we sebitleýin toparlarynyň işine gatnaşdy we gatnaşýar. Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky Ýerine ýetiriji düzüm geňeşi ýaly abraýly halkara guramalarda, 2016 — 2018-nji ýyllar üçin BMG-niň ylym we tehnika baradaky toparynda 2017 — 2022-nji ýyllarda, 2016 — 2022-nji ýyllarda ilat we ösüş toparynda, 2017 — 2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi toparynda degişli işleri alyp barýar. G.Şükürowa: Milletler Bileleşigi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy saklamak maksady bilen Türkmenistanyň ykdysady edaralary durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijelerini we ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini hem-de halkymyzyň abadanlyk derejesiniň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýän netijeleri yzygiderli beýan edýär. 2016-njy ýylda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gatnaşyklaryň Çarçuwaly maksatnamasynyň kabul edilmegi BMG bilen özara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar we ol ýurdumyzyň 2011—2030-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň milli Maksatnamasyna, şeýle hem 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň öňdebaryjy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde BMG-niň düzümleriniň dokuzysynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz olaryň çäklerinde degişli işleri alyp barýar. B.Gajarow: Türkmenistanyň EKOSOS-nyň düzümine nobatdaky gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde ägirt uly üstünlik gazanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatyň, ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş çäreleriniň we telekeçilik pudagyny giňeltmegiň, iri möçberli özgertmeleriň startegik ugruny amala aşyrmagyň netijesinde 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi 106,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça bu görkeziji 106,2 göterim derejesinde saklanýar. Bu haýran galdyryjy görkezijiler türkmen ykdysadyýetinde özgertmeleriň durnukly depginlerini alamatlandyrýar. M.Ataýew: 2011 — 2030-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada, şeýle hem pudaklaýyn we sebitleýin ösüş maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm çäreleri durmuşa geçirmäge maksatnamalaýyn esasda çemeleşip, döwletimiz durnukly ykdysady we maliýe ösüşini üpjün etdi. Türkmenistanyň Döwlet býujeti degişli derejede ýerine ýetirilýär, raýatlaryň girdejisi yzygiderli artýar. Munuň özi dünýä derejesinde ýurdumyzyň abraýyny belende götermekde aýratyn ähmiýete eýedir. G.Romanowa: Geografik taýdan amatly ýerleşmek, baý tebigy we zähmet mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, ýurdumyz halkara zähmet bölüniş ulgamyna goşulmagyny işjeň dowam edýär. Pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti we dürli ugurlardaky, şol sanda maliýe pudagyndaky özgertmeleri amala aşyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini saklamak onuň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wagtynda kabul edýän we pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, daşary söwda işlerini köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş durnuklylygyny, ýurduň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi. G.Şükürowa: Ösüşiň milli nusgasy barada aýdylanda, ol yzygiderli täzelenýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Hökümeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 2018 — 2024-nji ýyllaryň döwri üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň orta möhletli täze maksatnamasyny kabul etdi. Onda dünýä ykdysadyýetinde we Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadýetlerinde soňky ýyllarda ýüze çykan üýtgetmeleri nazara almak arkaly täzeçil — goşulyşma çemeleşmeleriniň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň uglewodorod däl pudaklarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň, hyzmatlar, ulag, söwda ulgamlarynyň ösüşini nazarlaýan ýörelgeleri işjeňleşýär. Maliýe we pul-karz syýasatynyň durnuklylygy, maliýe bazarlarynyň ösüşi netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler özüniň miwesini berdi. B.Gajarow: Ýene bir möhüm ýagdaýy nygtap geçmek gerek. Türkmenistanyň Döwlet býujeti esasy maliýe guraly hökmünde milli ykdysadyýetiň täzeçil durmuş ulgamynyň ösüşine gönükdirilen özgertmeleriň şertlerinde girdejileriň netijeli paýlanmagyna daýanýar. Olaryň esasy ugurlary önümçilige, giň möçberli maýa goýum taslamalaryna, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde onuň esasy wezipesi aýlyk haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny (10 göterimden az bolmadyk derejede) artdyrmak, durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmek arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. M.Ataýew: Ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberiniň artmagy Döwlet býujetiniň girdeji bölegini kemala getirmek, degişlilikde durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilişi möçberlerini artdyrmak üçin ykdysadyýetiň uglewodorod däl pudaklarynyň salgyt binýadyny giňeltmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde bu ugurlary maliýeleşdirmek Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy mukdarynyň 75 — 80 göterimine barabardyr. Konserwatiw býujet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, onuň pul-karz we maliýe bazarlarynyň ösüş syýasatlary bilen utgaşdyrylmagy býujet ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etdi. Çykdajylar boýunça ähli borçnamalaryň döwlet tarapyndan ýerine ýetirilmegi, olaryň netijeliliginiň artmagyny şertlendirdi. Maýa goýum taslamalarynyň maliýeleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda döwletiň gymmatly kagyzlar bazary ösdürilýär. Olaryň möçberleri ýyl-ýyldan artýar. 2016-njy ýylda Aşgabadyň gazna biržasy döredildi, 2017-nji ýylda bolsa ol hereket edip başlady. Onuň işi gymmatly kagyzlaryň täze bazarynyň döredilmegine gönükdirilendir. G.Romanowa: Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy işjeň ösdürilýär. Pul-karz syýasaty pul serişdelerini durmuş-ykdysady ösüşiň ähli şertlerini nazara almak bilen, Türkmenistanyňyň ykdysadyýetine jemlenmegine we onuň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendir. Haryt we maliýe bazarynyň möçberleriniň deňeçerligi pul-karz syýasatynyň gurallarynyň netijeli peýdalanylmagynyň hasabyna saklanýar. Makroykdysady durnuklylygy we ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin milli ykdysadyýetimize gönükdirilýän karz möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Şunlukda, hususy pudaga maliýe taýdan goldaw bermek karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur eýýäm ýeterlik derejede ösüşe eýe boldy. G.Şükürowa: Eger, aýdylanlary jemlesek, onda ýokarda görkezilen çäreler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin ygtybarly binýadyň emele gelmegini şertlendirer. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň anyk netijeleri, ykdysadyýetiň ösüş depginleriniň durnukly häsiýete eýe bolmagy Halkara pul gaznasy we Bütindünýä banky ýaly abraýly maliýe institutlary tarapyndan tassyklanýar. B.Gajarow: Häzirki döwürde Türkmenistan özgertmeleriň täze tapgyryny durmuşa geçirýär. Şunlukda, durmuş ulgamyna degişli pudaklaryň ösüşi dowam edýär, ilatyň durmuş goraglylygy üpjün edilýär, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiler üçin işewürlik gurşawy gowulandyrylýar. Hususy pudaga berilýän goldaw giňeldilýär we döwlet edaralary hususylaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň öz-özüni üpjün etmek boýunça ösüşi dowam edýär, onuň netijeliligi ýokarlanýar we şu esasda raýatlaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy üpjün edilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli syýasatynyň anyk netijeleridir. G.Romanowa: Mundan başga-da, EKOSOS-nyň howandarlygynda ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýulda geçiriljek durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny tanyşdyrmagy we degişli sergini guramagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň berkidilmegine bagyşlanan mesele boýunça çäre geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze ugry emele gelýär. Has takygy, gün tertibine hyzmatdaşlygyň hem-de umumy bähbitleriň hatyrasyna köptaraply gepleşikleriň täze gurallary girizilýär. B.Şükürowa: Ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, milli strategik ösüş maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda Türkmenistan ýokary netijeleri gazanyp, baý tejribe toplady hem-de ilatyň abadançylygynyň artmagyna, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, çäreleriň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilen teklipleri taýýarlamakda beýleki ýurtlara goldaw bermäge ukyplydyr. Munuň özi ozal hem aýdylyşy ýaly, ýurdumyzyň BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşine saýlanmagy üçin esas boldy. M.Ataýew: Şeýlelikde, nobatdaky gezek EKOSOS-nyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz ählumumy işlere gatnaşmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça öňe sürülýän taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak maksady bilen beýleki döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu mümkinçilikler ýurtlaryň we tutuş sebitleriň durnukly ösüşine, durmuş-ykdysady meseleleriň çözgüdine, milli, sebitleýin we ählumumy möçberdäki wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa ýurdumyza dünýäniň ykdysady giňişliginde hil taýdan täze derejä çykmaga anyk mümkinçilikleri berer. Şunda biziň işimiziň esasy ýörelgesi öňküligine galýar, ol ählumumy ösüşi nazarlaýan hem-de milli derejede anyk çözgütleri we ädimleri durmuşa geçirmegiň milli wezipelerini utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň 2019 — 2021-njy ýyllar üçin döwürde EKOSOS-nyň agzalygyna saýlanmagy häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň durnukly çözülmeginiň, diňe milli derejede däl, eýsem, sebitleýin we ählumumy möçberde ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň üpjün edilmeginiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.