Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 22.06.2018
1810

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Işewür ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen iri ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda milli Liderimiz däbe öwrülen bu işewür gatnaşyklaryň şu gün hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Şol özgertmeler milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, köpugurly senagat toplumyny döretmäge, ähli ugurlarda we pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza iri maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň - Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmagyň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şeýle taslama Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň gatnaşmagynda dünýä tejribesinde ilkinji gezek amala aşyrylýar. Çig malyň çuňňur arassalanmagy netijesinde zawodyň öndürjek önümi hili we ekologiýa talaplary boýunça ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk geler. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, anyk netijäni ugur edinýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow