Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli maslahata gatnaşar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli maslahata gatnaşar
Çap edildi 19.06.2018
1527

Şu gün — 20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugraýar. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň yglan eden «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp, Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşar. Wekilçilikli forum suw meseleleri boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň gepleşiklerini dowam etdirmäge, möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň suw bilen baglanyşykly wezipelerini çözmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen dünýä bileleşiginiň häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryny işjeň goldaýar. Ýurdumyz milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda hem-de kabul edilen halkara borçnamalarynyň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda adamzadyň abadançylygynyň möhüm şerti bolan suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak hem-de BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar. Türkmen tarapy bu merkezi açmak üçin özüniň zerur bolan düzümini hödürlemäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň golaýda bolan mejlisinde nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde suw meselesini durmuş-ykdysady ösüşi, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlary nazara almak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm meýilnamalaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu ýyl Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde BMG hem-de beýleki abraýly düzümler bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ähli degişli meselelere garamaga we olary çözmäge ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň durmuş, ykdysady we tebigaty goramak ulgamlarynda ýöredýän syýasatynyň BMG-niň kabul eden “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibi” bilen baglanyşyklydygyny aýratyn bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Suw öndürýän döwrebap zawodlar, suw arassalaýjy desgalar, suwy süýjediji desgalar gurulýar. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmäge saldamly goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Möçberi boýunça bu deňi-taýy bolmadyk taslamanyň Türkmenistan, tutuş Merkezi Aziýa üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen bir hatarda, “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” yzygiderli durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň 2018 — 2030-njy ýyllar üçin suw hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar. Bu maksatnama ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, bu ugurdaky işi kämilleşdirmäge ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň BMG-niň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyga, ählumumy durnukly ösüşiň bähbitlerine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda tejribe alyşmaga taýýardygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Olaryň barşynda köp ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow