Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Balkan we Daşoguz welaýatlary
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Balkan we Daşoguz welaýatlary
Çap edildi 17.06.2018
1758

Ýerli howa aýratynlyklaryny nazara alyp, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan galla oragyna biraz gijräk girişen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary möhüm möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň hem-de oňa gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň hasabyna alnyp barylýan işleriň depginini barha güýçlendirýärler. Balkan welaýatynyň galla kabul ediş bölümlerine we elewatorlaryna azyklyk dänäniň ilkinji müň tonnasy gelip gowuşdy. Gysga döwrüň içinde Serdar we Bereket etraplarynyň gallaçylary oragyň depginini ýokarlandyrdylar. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti we ýokary hilli idegi netijesinde bol hasyl alyndy. Günbatar welaýatyň kärendeçileri 57 müň gektar meýdandan 120 müň tonna bugdaý ýygnamagy meýilleşdirdiler. Şu maksat bilen galla oragyna guramaçylykly girişildi. Alnyp barylýan işleriň bökdençsiz ýola goýulmagy bilen oraga dahylly ähli gulluklaryň anyk we sazlaşykly işi hem-de hemmetaraplaýyn tagallasy gönükdirildi. “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň barlaghanalarynda oturdylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gelip gowuşýan dänäniň hili kesgitlenýär. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyk öz wagtynda geçirilýär. Bu işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň işgärleri degişli derejede amala aşyrýarlar. Galla oragy möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap, mehanizatorlar we möwsüme gatnaşýanlaryň hemmesi degişli alada bilen gurşaldy. Meýdan düşelgelerinde dynç alyş –medeni çäreler guralýar. Daşoguz welaýatynda galla oragynda häzirki zaman däne ýygnaýjy tehnikalaryň köp sanlysy hereket edýär. Şolaryň hatarynda “John Deere”, “TUСANO 430” (“СLAAS”) ýaly dünýä belli galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 363-si, 2 müň 50 awtoulag bar. Oragyň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy üçin, tehnikalar zerur bolan ýangyç-çalgy ýag bilen üpjün edilýär hem-de zerur enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen jemlenen ýörite toparlar döredildi. Oragyň ilkinji üç gününde welaýatda 17 müň tonna golaý hasyl ýygnaldy. Bu işde Gubadag we Görogly etraplarynyň gallaçylary has-da tapawutlandylar. Şu etraplarda müň gektardan gowrak ýerde orak geçirildi. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden B.Myradow we O.Nurgeldiýew ýaly kärendeçiler her gektardan degişlilikde 59 we 47 sentner hasyl alyp, möwsümiň başynda özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Demirgazyk welaýat ýurdumyzda iň iri däne öndürýän sebitleriň biridir. Şu ýyl bu ýerde bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan” we “Batko” ýaly görnüşleri ekilip, onuň umumy eýeleýän meýdany 157 müň gektara barabardyr. Watan harmanyna 300 müň tonna bugdaý goşmak meýilleşdirilýär. S.Türkmenbaşy etraby welaýatda iň köp däne öndürýän etraplaryň biri bolup durýar. Bu ýerde otuz müň gektardan gowrak ýere ak bugdaý ekilip, şondan 56 müň tonnadan gowrak hasyl almak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýaty ýöriteleşdirilen obasenagat desgalarynyň köpşahaly ulgamyna eýe bolup, şolarda ekiş geçirmek, hasyl ýygnamak, ony saklamak we dänäni gaýtadan işlemek ýaly çäreler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ýerde ýokary derejede enjamlaşdyrylan galla kabul ediş bölümleriniň 29-sy, ýokary öndürijilikli bugdaý üweýän kärhanalaryň üçüsi we ýedi elewator hereket edýär. Şolaryň bir bölegi birbada 50 müň tonna çenli dänäni saklamaga we arassalamaga ukyplydyr. Şu ýerde täze elewatorlaryň tohumlyk dänäni taýýarlamak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemeli. Bu bolsa geljekki hasylyň pugta binýadyny emele getirýär.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow