Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 15.06.2018
1460

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny musulman ymmatynyň uly şatlyk bilen belleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzada merhemetliligiň we rehimliligiň belent gymmatlygyny bagyşlaýan Oraza aýynyň nurana günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, ýagşylykdan doly mukaddes baýramçylyk günlerinde biziň agzybirligimiz we abadançylygymyz berkesin! Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Nursultan Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi ähli musulmanlaryň mukaddes baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, adamkärçiligi, kanagatlylygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bu ruhy baýramçylyk biziň halklarymyza parahatçylyk, agzybirlik we durnuklylyk eçilsin! Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Sooronbaý Žeenbekow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Şatlykly Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň! Goý, Gudraty güýçli Allatagala biziň ählimize saglyk, bagtyýarlyk we bolçulyk eçilsin! Baýramyňyz gutly bolsun! Abd Rabbu Mansur Hadi, Ýemen Respublikasynyň Prezidenti * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan şatlykly Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy iberýärin. Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Abdulla II, Iordaniýanyň Patyşasy * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize saglyk we abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin. Iň oňat arzuwlar bilen, Haýdar Al Abadi, Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident! Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, onuň işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň oňat arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlyklara we ösüşlere beslenmegini, ähli musulman ymmaty üçin parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy Gudraty güýçli Allatagaladan dileg edýäris. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Ýusuf bin Ahmad Al-Osaýmin, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we üstünlikleri arzuw edýärin. Ramil Hasanow, Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow