Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 15.06.2018
1612

Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si SZINPINE Siziň Alyhezretiňiz! 65 ýaş toýuňyz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Siziň hytaý halkynyň bähbidine üýtgewsiz wepalylygyňyz we ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna argynsyz zähmetiňiz hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmek ugrundaky işe uly goşandyňyz Siziň Hytaýda we ondan daşarda mynasyp hormata hem-de abraýa eýe bolmagyňyza getirdi. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hemişe ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklar uzak möhletli we strategik häsiýete eýedir. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklarymyzda uly üstünlikleri gazanmakda Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiziň we hemmetaraplaýyn goldawyňyzyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleriniň esasynda iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de netijeli, anyk ugurlar boýunça we ýokary derejeli ynamly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýär. Hormatly jenap Başlyk, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we beýik ýurduňyzyň zähmetsöýer halkynyň öňe gitmeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow