Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Zambiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Zambiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 11.06.2018
1496

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen Liderine mähirli salam aýtdy hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we rowaçlygy baradaky arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Diplomatyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Zambiýa Respublikasynda hem uly hormata we goldawa mynasyp bolýar. Dünýä jemgyýetçiligi yklymara ulag we energetika geçirijiler ulgamlarynyň gurluşygy boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türkmen döwletiniň goşandyna ýokary baha berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu syýasatda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de iri halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm orun berilýär. Türkmenistanlylaryň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, milli Liderimiziň başyny başlan iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler babatda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. *** Şu gün Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde özara gyzyklanma bildirilýän döwletara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow