Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Ykdysadyýet
Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 06.06.2018
1498

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar. Şol pur­sat­dan bir aý ge­çen­den soň, ABŞ-nyň ka­bul­ha­na­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy açyl­dy. 1994-nji ýyl­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň ABŞ-nyň Wa­şing­ton şä­he­rin­de il­çi­ha­na­sy açyl­dy. Iki ýur­duň dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry soň­lu­gy bi­len has ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam et­di. Hä­zir­ki wag­ta Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy 59 res­mi­na­ma­dan yba­rat­dyr, şo­la­ryň 53-si döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra, 6-sy bol­sa pu­da­ga­ra yla­la­şyk­la­r­dyr. Iki döw­let hem öza­ra gat­na­şyk bo­ýun­ça tej­ri­be top­lap hem-de onuň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­di­rip, dür­li pu­dak­lar­da iki ta­rap­da hem bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ni şert­len­dir­di. Şu dö­wür­de Ame­ri­ka­nyň ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­ty, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag hem-de ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da iş­le­ýän bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da “Boeing”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “John Dee­re”, “Miсro­soft”, “Сater­pil­lar”, “Сoсa-Сola” we baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­lar bar. 2007-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýor­ka bo­lan sa­pa­ry türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şol ýer­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 62-nji mej­li­sin­de çy­kyş et­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­k bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki nuk­daý­na­zar­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri ýur­du­my­zyň ABŞ bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pre­zi­dent Jorj Buş bi­len du­şu­şy­gy öza­ra bäh­bit­le­riň iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň mö­hüm tap­gy­ry­na öw­rül­di. Şol pur­sat­dan soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ägirt uly ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy ýo­ka­ry gö­te­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry Kon­do­li­za Raýs bi­len du­şu­şy­gy mu­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­dy. K.Raý­syň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz di­ňe bir ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne baý bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ry peý­da­lan­mak bo­ýun­ça örän bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi bi­len se­bi­ta­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni hem-de üs­ta­şyr ýol­la­ry dö­ret­mek ba­bat­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Ame­ri­ka­nyň işe­wür to­par­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, olar Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ko­lum­bi­ýa uni­wer­si­te­tin­de bo­lan du­şu­şy­gy mu­ny tas­syk­la­dy. Şol ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ze ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­le­re go­şant ägirt uly go­şan­dy üçin Ösüp bar­ýan ba­zar­la­ryň aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hor­mat­ly aka­de­mi­gi­niň dip­lo­my gow­şu­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­li Rok­fel­ler mer­ke­zin­de ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gy has-da äh­mi­ýet­li bol­dy. Du­şu­şy­ga ABŞ-nyň Hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri­niň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kon­sern­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­rynyň 300-e go­laýy gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da eme­le ge­len hoş­ni­ýet­li ýag­daý, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň söh­bet­deş­le­ri­niň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga tiz­den-tiz gi­riş­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry türk­men ba­za­ry­nyň äh­li ugur­lar ba­bat­da örän özü­ne çe­ki­ji­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sy ke­pil­lik­ler, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy ba­ra­da aý­dan­la­ry hal­ka­ra işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­dy. Şol du­şu­şyk türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­ny baş­lan­gyç pur­sa­dyn­dan baş­lap, tä­ze hil bi­len ös­dür­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Umu­man, mil­li Li­de­ri­mi­ziň şol sa­pa­ry Ame­ri­ka bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ug­ru­na öw­rül­di. Mu­nuň özi äh­li halk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, yn­san­per­wer we gül­läp ösüş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni wa­gyz ed­ýän ýur­duň sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň öze­ni­ni düz­ýär. 2008-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Rok­fel­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi dö­re­dil­di. Ştab-kwar­ti­ra­sy Wa­şing­ton­da ýer­leş­ýän ge­ňe­şiň baş we­zi­pe­si Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­den yba­rat bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Nýu-Ýork­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Ame­ri­ka­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len on­lar­ça iri kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Nýu-Ýor­ka 2009-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bo­lan sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ABŞ-nyň res­mi we­kil­le­ri we işe­wür to­par­la­ry, şeý­le hem Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry bi­len ge­çi­ren no­bat­da­ky du­şu­şy­gy bi­le­lik­dä­ki dü­zü­miň işi­niň tä­ze sa­hy­pa­sy­na öw­rül­di. Pi­kir alyş­ma­la­ryň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ryň esa­sy üns be­ren tap­gyr­la­ry­nyň bi­ri bar bo­lan äh­lu­mu­my ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­ge ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni bol­dy. Mu­nuň özi ösü­şiň mil­li ug­ru­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Ýew­ro­pa tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň bi­ler­men­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba­se­na­gat top­lu­my, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, ne­bit­hi­mi­ýa pu­da­gy, döw­re­bap ulag-ara­gat­na­şyk hem-de yk­dy­sa­dy-dur­muş dü­zü­mi­ni dö­ret­mek, gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze­çil usul­la­ra we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­na — nou-hau­la­ra aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Baş­lan­gyç pur­sat­da di­ňe me­ýil­na­ma hök­mün­de ga­ra­lan şol tas­la­ma­la­ryň hä­zir­ki dö­wür­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len anyk ne­ti­je­ler du­ýul­ýar. Ame­ri­ka­ly işe­wür­ler we döw­let dü­züm­le­ri kes­git­le­nen ägirt uly me­ýil­na­ma­lar­da anyk esas­la­ryň, yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­riň, iň esa­sy bol­sa, ola­ry ama­la aşyr­mak üçin sy­ýa­sy er­kiň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­di­ler. Şon­dan bir aý ge­çen­den soň, ýag­ny 2009-njy ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň baş­tu­tan­la­ry­nyň we Ame­ri­ka­nyň bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň top-me­ne­jer­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň no­bat­da­ky du­şu­şy­gy bol­dy. Bu du­şu­şyk ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni teh­no­lo­gik taý­dan döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­me­giň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň tä­ze tap­gy­ry­na öw­rül­di. Şol döw­re çen­li Türk­me­nis­tan­da ABŞ-nyň 1,6 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak ba­ha­sy bo­lan ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň 101-si bel­li­ge alyn­dy. Ta­rap­lar öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry, hu­su­san-da, ne­bit­gaz pu­da­gy, ener­ge­ti­ka, Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­mek, ara­gat­na­şyk hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, se­na­gat we ulag dü­zü­mi ýa­ly ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň tä­ze ýol­la­ry­ny göz­läp baş­la­dy­lar. 2010-njy ýy­lyň 16-njy iýu­nyn­da Aş­ga­bat­da bir­ba­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň we Türk­men-ame­ri­kan işe­wür fo­ru­my­nyň mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di. Işe­wür du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry, ABŞ-nyň Hö­kü­me­ti­niň we­ki­li­ýe­ti, Ame­ri­ka­nyň “Boeing”, “Еххоn Mo­bil”, “Сonoсo Phil­lips”, “Сhevron”, “Сase New Hol­land, In­ter­na­tio­nal SA”, “John Dee­re”, “Сater­pil­lar”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “Ho­ney­well In­ter­na­tio­nal Inс” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da soň­ky ýyl­lar­da ge­ňe­şiň ag­za­la­ry­nyň sa­ny­nyň iki es­se ar­tan­dy­gy­ny bel­le­di we mu­nuň bi­ziň ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­ga Ame­ri­ka­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan ma­ýa go­ýu­my­nyň gat­naş­ma­gyn­da 63 kär­ha­na­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şert­na­ma­la­ryň umu­my sa­ny bol­sa 110-a ýet­di. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň di­ňe bir ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni çek­mä­ge däl, eý­sem, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýö­rel­ge­si­ni ugur edin­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Ýur­du­my­zyň mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy çig mal ug­rad­ýan döw­let bol­mak­dan dok­ma, hi­mi­ýa, azyk we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän ýur­da öw­rül­me­gi­ni şert­len­dir­di. No­bat­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de 2011-nji ýy­lyň 19 — 20-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­lan ame­ri­kan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si ABŞ-nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ba­za­ryn­da or­nu­ny gi­ňelt­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dyk­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Ugur­daş pu­dak­lar­da dün­ýä­niň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň sa­na­wy­na gir­ýän işe­wür­le­riň 270-si we iri ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-dan gow­ra­gy ser­gi­de öz ha­ryt­la­ry­ny, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Göz­den ge­çi­riş ne­bit­gaz ul­ga­my­ny hem-de ener­ge­ti­ka­ny, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni we mag­lu­mat­lar teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­ny hem-de ara­gat­na­şy­gy, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy­ny we ho­wa ula­gy­ny, azyk se­na­ga­ty­ny hem-de lo­gis­ti­ka­ny, bi­li­mi we beý­le­ki ugur­la­ry öz içi­ne al­dy. Bu ABŞ-nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň köp­ san­ly­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ryş çä­re­si­dir, mu­nuň özi Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, ge­ňe­şiň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu wa­ka­nyň de­re­je­si hem-de oňa ame­ri­kan ta­ra­py­nyň ber­ýän äh­mi­ýe­ti­ni ser­gi­niň açy­ly­şy­na iki ýur­duň hem Hö­kü­met­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, şol san­da ABŞ-nyň söw­da mi­nist­ri­niň kö­mek­çi­si­niň orun­ba­sa­ry Hu­an Wer­di­niň, ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry­nyň kö­mek­çi­si­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Jeff­ri Peý­tiň we beý­le­ki­le­riň gat­naş­ma­gy äş­gär ed­ýär. Bu ýer­de öz aý­dyň be­ýa­ny­ny ta­pan iş ugur­ly­ly­gy ser­gi­ni di­ňe bir ha­ryt­la­ryň gör­ke­zil­ýän meý­dan­ça­sy hök­mün­de däl, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ýa-da ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň, hyz­mat­daş­lyk tek­lip­le­ri­niň giň top­lu­my­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge, gel­je­gi has uly tas­la­ma­la­ry kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän işe­wür gat­na­şy­gy­nyň iş­jeň­le­şen ýe­ri hök­mün­de hem gör­kez­di. Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň 30-dan gow­ra­gyn­dan res­mi adam­la­ryň hem-de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry­nyň 70-e go­la­ýy gu­ral­dy. ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ikin­ji ser­gi­si 2012-nji ýy­lyň 3 — 5-nji ma­ýyn­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de gu­ral­dy. Bu sa­par ser­gä gat­na­şan­la­ryň sa­ny 100-den hem köp bol­dy. Ser­gä “Eххon Mo­bil”, “Сhevron”, “IHS”, “Ho­ney­well”, “Weat­her­ford”, “Сonoсo Phil­lips”, «Ar­gust”, “Ge­ne­ral Eleсtriс”, “Emer­son”, “IBM”, “Сisсo Sys­tems”, “Si­kors­ky”, “Boeing” ýa­ly at­la­ry dün­ýä bel­li uly kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­dy­lar. Şu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­na ge­ti­ril­ýän im­port ha­ryt­la­ry­nyň dü­zü­min­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, en­jam­lar, teh­ni­ka­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar has ile­ri tu­tul­dy. Bu ýag­daý ser­gi­niň gu­ra­ly­şyn­da aý­ra­tyn ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi üçin ame­ri­kan önüm ön­dü­ri­ji­le­ri iş­jeň ösü­şe eýe bo­lan türk­men işe­wür­li­gi bi­len gat­na­şyk­la­ryň gu­ral­ma­gy­na aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Şu ýer­de bo­lan bi­le­lik­dä­ki ara alyp mas­la­hat­laş­ma­lar­da tä­ze pi­kir­ler we tek­lip­ler dö­re­di. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi uly ugur­la­ry we usul­la­ry kes­git­le­nil­di. Ser­gi­le­riň, mas­la­hat­la­ryň hem-de işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da hem eda­ra­lar de­re­je­sin­de iş­ler do­wam et­di. Hut şun­da teh­no­lo­gi­ýa­lar, nou-hau­lar sy­nag­dan ge­çi­ril­di, Türk­me­nis­ta­nyň şert­le­ri we ze­rur­lyk­la­ry na­za­ra al­nyp, önüm ön­dü­ri­ji­le­re tek­lip­ler be­ýan edil­di, top­lum­la­ýyn çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin beý­le­ki ul­gam­lar­dan hü­när­men­ler çe­kil­di. Bu­la­ryň äh­li­si Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň gün ter­ti­bin­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy: onuň no­bat­da­ky mej­lis­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň we ABŞ-nyň yl­my to­par­la­rynyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da 2013-nji ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de we 12-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Hu­su­san-da, ýaz­ky mej­lis, esa­san, ne­bit­gaz pu­da­gy we oba­se­na­gat top­lu­my ýa­ly, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nyl­dy. Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň işi­ne iki ýur­duň öň­de­ba­ry­jy ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bu hü­när­ler bo­ýun­ça oka­ýan türk­men ta­lyp­la­ry­nyň gat­na­şan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Güýz­ki mej­li­siň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky yk­ly­ma­ra ge­çel­ge­le­riň çat­ry­gyn­da amat­ly ýer­de ýer­leş­ýän­di­gi ha­sa­ba al­nyp, ulag, mag­lu­mat­lar we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­ýa­lar ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şeý­le­lik­de, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi di­ňe bir hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak bi­len çäk­len­män, ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Iki ýur­duň yl­my bi­le­le­şi­gi­niň, gel­jek­ki hü­när­men­ler — şu gün­ki ta­lyp­la­ryň bu iş­le­re gat­naş­dy­ryl­ma­gy örän düýp­li çe­me­leş­me­le­ri hem-de uzak­ möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk me­ýil­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Gör­nü­şi ýa­ly, iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­ler ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan du­şu­şyk­lar, wag­tyň geç­me­gi bi­len, has anyk hä­si­ýe­te, bel­li bir ug­ra gö­nük­di­ril­me­gi­ne eýe bol­ýar, ola­ryň ýo­ka­ry we­kil­çi­li­gi bol­sa has gi­ňel­ýär, mu­nuň özi esa­sy me­se­le­le­re dür­li nuk­daý­na­zar­dan ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Se­na­gat top­lu­my­ny we oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­ny 2015-nji ýy­lyň 21 — 22-nji ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len türk­men-ame­ri­kan işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mas­la­ha­tyň işi­ne döw­let hem-de işe­wür­lik dü­züm­le­rin­den baş­ga-da, alym­lar we ma­li­ýe iş­gär­le­ri, gö­nü­den-gö­ni önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler gat­naş­dy­lar, ola­ryň öňün­de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak we­zi­pe­si dur­ýar. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň işi­ne ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar, öz no­ba­tyn­da, olar hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ba­tyn­da bar­ha öz­ger­ýän me­ýil­ler­den ha­bar­dar bol­ma­ly­dyr. 2016-njy ýy­lyň 29-njy iýu­nun­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ha­sa­bat mej­li­si ge­çi­ril­di, onuň bar­şyn­da Erik Stýuart ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ryň we­zi­pe­si­ne hem-de “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy “Ge­ne­ral Eleсtriс” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne baş­lyk­lyk edi­ji hök­mün­de tä­ze möh­le­te gaý­ta­dan saý­la­nyl­dy. 2017-nji ýyl­da “Сoсa-Сola” kom­pa­ni­ýa­sy baş­lyk­lyk we­zi­pe­si­ni öz üs­tü­ne al­dy. Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dü­zü­miň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuart bi­len ge­çir­ýän iki­çäk du­şu­şyk­la­ryn­da yzy­gi­der­li ga­ral­ýar. Şeý­le du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň jem­le­ri we müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te çä­re­ler kes­git­le­nil­ýär, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan umu­my gör­kez­me­ler be­ril­ýär we hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bel­le­nil­ýär. 2016-njy ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň her ýyl ge­çi­ril­ýän mej­li­si bol­dy, onuň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň — ener­ge­tik­le­riň, gaz­çy­la­ryň, ra­ýat awia­si­ýa­sy gul­lu­gy­nyň we­kil­le­ri­niň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di. Ame­ri­kan ta­ra­pyn­dan “Ge­ne­ral Eleсtriс” we “Ion­reх/Jar Сapi­tal” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri çy­kyş et­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň, Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem “John Dee­re”, “IMS/El­licot Dred­ges” we “CNH” kom­pa­ni­ýa­la­ryň hü­när­men­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my we azyk se­na­ga­ty ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ba­ra­da öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da gür­rüň edil­di, şun­da tej­ri­be we ta­lyp­la­ry alyş­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy. ABŞ-nyň işe­wür­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, şol san­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len hem bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di­ler, şon­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň hem-de çuň­laş­dyr­ma­gyň ugur­la­ry­na gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. 2017-nji ýy­lyň 10 — 11-nji iýu­lyn­da ABŞ-nyň paý­tag­ty Wa­şing­ton şä­he­rin­de türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän “Ar­gus Li­mi­ted”, “Boeing”, “CNH In­dust­rial”, “El­licott Dred­ges”, “Ge­ne­ral Electric”, “John Dee­re”, “Lind­sey”, “Micro­soft”, “Oxbow Ener­gy So­lu­tions”, “Cater­pil­lar”, “West­port Tra­ding Eu­ro­pe Li­mi­ted” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, bi­ler­men­le­ri hem-de hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­baş­çy­la­ry gir­di. Işe­wür­lik mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­m­da, ýan­gyç-ener­­ge­ti­ka top­lu­myn­da, ulag-ara­gat­­na­şyk pu­da­gyn­da, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, ne­bit­gaz se­na­ga­ty, ma­şyn­gur­lu­şyk we oba ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Ne­ti­je­li gep­le­şik­ler 2017-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de do­wam et­di­ril­di. Onuň bar­şyn­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­le­ri sel­je­ril­di hem-de onuň däp bo­lan ugur­la­ry­nyň gel­jek­ki mak­sat­la­ry be­ýan edil­di, azyk önüm­çi­li­gi, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my ýa­ly gel­je­gi uly ugur­lar­da has ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy. 2018-nji ýy­lyň 4-nji ap­re­lin­de “John Dee­re” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­di, ony hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ka­bul et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man 25 ýyl­lyk iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň jem­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, bu hyz­mat­daş­ly­gy nus­ga­lyk di­ýip at­lan­dy­ryp bo­lar. Şeý­le hem sa­pa­ryň bar­şyn­da «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň hem-de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da 2018 — 2021-nji ýyl­lar­da pu­dak üçin iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da üç ta­rap­la­ýyn Äht­na­ma gol çe­kil­di. Şeý­le­lik­de, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi dö­re­di­le­ni bä­ri ge­çen 10 ýy­lyň için­de özü­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but et­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ony dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň öz wagt­ynda we öňdengö­rü­ji­lik bilen öňe sürlendigini hem aň­lad­ýar. Şu ýyl­la­ryň için­de uly we ba­tyr­gaý tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si ama­la aşy­ryl­dy. Şo­la­ryň için­de elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­myn­da “Ge­ne­ral Elect­ric” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da­ky tas­la­ma bar. Ra­ýat awia­si­ýa­sy ul­ga­myn­da bol­sa awia­gu­ru­jy “Boing” we beý­le­ki­ler bi­ziň he­mi­şe­lik hyz­mat­daş­la­ry­myz bol­du­lar. 2018-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da­ky ýag­da­ýa gö­rä, Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­­my ba­ha­sy 2 mil­liard 573,43 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry we 0,3 mil­lion ýew­ro bo­lan tas­la­ma­la­ryň 156-sy bel­li­ge alyn­dy. Bi­ziň ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt te­le­ke­çi­le­ri­niň iş­jeň iş­le­me­gi üçin dö­re­di­len amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy, şert­ler we ýe­ňil­lik­ler, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň hem-de se­na­gat pu­da­gy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň yzy­gi­der­li do­wam ed­ýän ýag­da­ýy ki­çi işe­wür­li­giň we hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy ABŞ-nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň amala aşyrýan çä­re­le­ri ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ýyl-ýyl­dan yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ýar. Mu­nuň özi bol­sa ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek we bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin oňat ke­pil bo­lup dur­ýar. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň mö­hüm bag­la­nyş­dy­ry­jy hal­ka­sy bol­dy. Yk­ly­ma­ra ugur­la­ry­nyň ulag çat­ry­gyn­da­ky bu işi bi­ziň ýur­du­myz hä­zir tä­ze ta­ry­hy şert­ler­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şun­da köp şa­ha­ly we köp gör­nüş­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyz­ma­ty ulu­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň mun­dan beý­läk­ki işi di­ňe bir iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, has giň yk­ly­ma­ra öl­çeg­le­r­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de sal­dam­ly go­şant bo­lup hyz­mat eder.

Soňky habarlar
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
09.09
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat
top-arrow