Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 04.06.2018
1581

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlik arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüji ýurtda özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmegi uly hormat saýýandygyny nygtady hem-de döwletara gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek ugrunda güýç-kuwwatyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň dowamynda jenap Rikardo Ernesto Lagorio Türkmenistanyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi hem-de köpugurly işi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Ilçi Türkmenistanyň ýeten derejesine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. *** Şu gün Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Diplomatyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna barmagy meýilleşdirildi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen hem tanşar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow