Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çap edildi 03.06.2018
1627

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklary, şol sanda medeni aragatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny “Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga ibermek baradaky çözgüdiňiz munuň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen jigitleriniň Çinizelli sirkiniň taryhy manežinde eden ajaýyp çykyşlary ýokary derejeli emin agzalarynda bolşy ýaly, Russiýanyň medeni paýtagtynyň tomaşaçylarynda hem uly täsir galdyrdy hem-de festiwalyň bezegine öwrüldi. Artistleriň mynasyp bolan “Altyn Gaetano” baýragy olaryň gazanan abraýly serpaýydyr hem-de kämil ussatlygynyň ykrar edilmegidir. Türkmen artistleriniň şeýle abraýly medeni çärelere gatnaşmagynyň dünýäde sirk sungatyny mundan beýläk-de wagyz etmäge, Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. Hormatlamak bilen, Dmitriý Iwanow, Russiýanyň döwlet sirk kompaniýasynyň baş direktory

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow