Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Marokkonyň Patyşasy türkmen liderini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady
Syýasy habarlar
Marokkonyň Patyşasy türkmen liderini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady
Çap edildi 23.05.2018
1683

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, halkyňyza bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Mukaddes Oraza aýy adamlaryň arasynda ynanyşmak hem-de raýdaşlyk ruhuny, musulman ymmatynda bolsa dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigine akyl ýetirmek üçin örän ajaýyp mümkinçilikdir. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda tagallalary işjeňleşdirýän, üzňelik, duşmançylyk we ekstremizm ýaly ýaramaz hadysalary inkär edýän ygtykatymyzyň beýik taglymlaryna eýermek üçin amatly pursatdyr. Beýik Biribardan adamlaryň abadançylygynyň bähbidine edýän ýadawsyz tagallalarymyzda rowaçlyk dileýärin hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm meseleleriniň çözgüdi tapyljak, abadan we parahatçylykly durmuş höküm sürjek geljege ynam bilen garaýaryn. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, MOHAMMED VI, Marokkonyň Patyşasy

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow