Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 22.05.2018
1858

Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyndan ugur alyp hem-de Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Bitarap Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. Bütindünýä welosiped gününi her ýylyň 3-nji iýunynda belläp geçmeli. 2. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli. 3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegine ýardam bermeli. 4. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow