Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar
Çap edildi 19.05.2018
1627

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, hem-de öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende örän uly şatlyk duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan bütin musulman ymmatyna abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş, ösüşiň täze belentliklerine ýetmek üçin pugta hyzmatdaşlyk dileg edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Doktor Abdulla ABDULLA, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şu sahawatly aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Siziň doganyňyz Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL SAUD. Saud Arabystany Patyşalygy

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow