Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
Çap edildi 17.05.2018
2505

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminden umumymilli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Milli Liderimizi nesilleriň özara baglanyşygyny, olaryň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýaly beýik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýan milli senenamamyzyň şanly senesi bilen gutlap, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk we köpugurly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdiler. Hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň özygtyýarly, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň döredijilik ýoluna düşen halkymyzyň täze taryhynyň başlanýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň hemmämiz üçin türkmen halkynyň Watanymyzyň garaşsyzlygy, erkinligi, milletiň bitewüligi we agzybirligi ýaly, köpasyrlyk arzuwlarynyň amala aşmagynyň mukaddes nyşany bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny pederlerimiziň paýhasly wesýetlerini, iň oňyn dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny hem-de abadançylygyny iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan eden Türkmenistanyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny kesgitledi. Täze taryhy döwürde Konstitusiýa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak, döwletiň garaşsyzlyk we bitaraplyk esaslaryny pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we tutuş adamzadyň bähbidine ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýyny ýokarlandyrmak üçin hukuk binýady bolup durýar. Ýurdumyz ýaşyl Tuguň astynda öz täze taryhyny döredýär, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de garaşsyz ösüşiň täze usulyny işjeň ulanýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten derejesi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy hem-de döwrebaplaşdyrmagy, ruhy we beden taýdan kämil nesli kemala getirmegi, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegi esasy ugur edinen özygtyýarly Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny şanly sene bilen ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralaryň watandaşlarymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýeňişlerine we belent sepgitlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow