Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 16.05.2018
1955

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşinde dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna hem-de innowasion tehnologiýalara daýanýan Türkmenistanyň möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Hususan-da, dünýäde deňi-taýy bolmadyk möhüm desgany — Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawody gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan gazy gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň aýratyn möhümdigini belläp, bu giň gerimli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda nobatdaky ädim bolar diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň düzüminde onuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni ähli işleriň ýokary hilli we şertnamada bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine çekdi. Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow