Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Çap edildi 11.05.2018
1632

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň halklary egin-egne berip, iň agyr synaglardan geçdiler we Ýeňiş gününiň ýakynlaşdyrylmagyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Olaryň beýik edermenligi gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň hem-de Watana gaýduwsyz gulluk etmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu gün biz şirin janyny gurban edip, parahatçylygy we azatlygy goran adamlaryň ýagty ýadygärliginiň öňünde başymyzy egýäris. Biz söweş meýdanlarynda hem-de tylda edermenlik, gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezen weteranlarymyza çuňňur hormat-sarpa goýýarys. Olaryň şöhratly edermenligi hakyndaky hakyda biziň ýüreklerimizde baky ýaşar. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de özbek-türkmen dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat MIRZIÝOÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow