Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady
Çap edildi 08.05.2018
1740

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow D.A.Medwedewi Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Bu wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň Hökümet Baştutany wezipesindäki işiňiziň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn, däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Dmitriý Medwedewe berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we Russiýanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow