Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 28.04.2018
1687

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi. * * * Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. * * * Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklarda düzgün-nyzamyň ýagdaýyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow