Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda
Çap edildi 28.04.2018
1661

Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň kökleri asyrlara uzalyp gidýän atçylygyň watany bolup durýandygyny, ýurdumyzda atlara belent sarpa goýmagyň gadymy döwürlerden bäri asylly däbe öwrülendigini nazara alyp, karar edýärin: 1. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesini Türkmen bedewiniň milli baýramy diýip bellemeli. 2. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli. 3. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli. 4. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow