Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
Sport
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi
Çap edildi 28.04.2018
3252

Bangkokda (Tailand) tamamlanan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda Saparmyrat Ödäýew 64 kilograma çenli agramlyk derejede ikinji orna mynasyp boldy. Tälimçiler Serdar Hajyýewiň we Aşyrmämmet Satlykgulyýewiň şägirdi finala çenli üç duşuşyk geçirdi. 1/8 finalda biziň türgenimiz laosly boksçy bilen duşuşdy we yzygiderli hüjüm edip, garşydaşyndan üstün çykdy. Eýranly boksçy bilen bolan duşuşykda üç tapgyryň netijesi boýunça ildeşimiz ýeňiji diýlip yglan edildi. S.Ödäýew ýaponiýaly türgen bilen duşuşykda dürs urgulary köp geçirip, eminleriň biragyzdan çözgüdi bilen «çempion» diýen ady almak ugrundaky göreşi dowam etdi. Hüjümleriň sany boýunça deňeçerräk geçen çekeleşikli final duşuşygynda eminleriň ikisi deňme-deň diýen karara geldi, eminleriň biri türkmen boksçusyny ýeňiji, ikisi bolsa Gazagystanyň wekilini ýeňiji diýip yglan etdi. Bu çözgüt aýgytlaýjy boldy. Aziýanyň çempionatynyň kümüş medaly Saparmyrat Ödäýewiň uly üstünligidir, çünki ol şeýle iri halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şeýlelikde, ýetginjek boksçynyň sport äleminde uly geljegi bar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow