Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hukuk gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hukuk gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 26.04.2018
1453

Paýtagtymyzda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi tamamlandy. Bu Hazar ýakasyndaky bäş ýurduň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak maksady bilen Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň dördünji duşuşygydyr. Bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV maslahatynda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda, türkmen tarapyndan taýýarlanyldy. Iki günlük mejlisiň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylar yzygiderli geňeşmeleriň Hazarda bäştaraplaýyn kadalaýyn-hukuk binýady, şol sanda bölümler boýunça ylalaşyklar görnüşinde kadalaýyn-hukuk binýadyny kemala getirmek işini ep-esli tizleşdirmäge mümkinçilik berendigini kanagatlanma bilen bellediler. Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi baradaky ylalaşygyň üstünde işler netijeli ýagdaýda ilerleýär. Bu resminamanyň taslamasy bilermenleriň ýakynda bolan duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar sebiti ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir. Onuň doly möçberde amala aşyrylmagy kenarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerine deň derejede laýyk gelýär. Häzirki duşuşygyň barşynda öňe sürlen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça çekişmeleriň netijeli häsiýeti agzalan ugurda taraplaryň işjeň gatnaşyk etmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga tarap umumy ymtylmalary maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Bu resminamanyň taslamasynda Hazarýaka ýurtlaryň hökümet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyk etmegiň netijeli usullaryny döretmäge mümkinçilik berjek hukuk we guramaçylyk serişdeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Umuman, bularyň ählisi özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň ösmegine, haryt dolanyşygynyň artmagyna hyzmat eder, sebitiň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrar, sebit we sebitara derejede ykdysady taýdan ýakynlaşmaga ýardam berer.

Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow