Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 26.04.2018
1541

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ngo Dyk Mandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärçilikli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikler arzuw etdi. Wýetnamyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmelere ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Ilçi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Jenap Ngo Dyk Man Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan ylalaşdyryjy döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, ilçi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ymtylýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi, halkara gatnaşyklary ýola goýmak tejribesi bilen tanyşdyryldy. Jenap Ngo Dyk Man öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen-wýetnam gatnaşyklaryny üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrüň ýagdaýlaryna hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykjakdygyna ynam bildirdi. * * * Ilçi Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeltmek mümkinçiligine seredildi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow