Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 13.04.2018
2136

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Balkan welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Kerim Hajyýewiç Durdymyradow Lebap welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Resulowiç Meredow Mary welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Dädebaý Saparowiç Amangeldiýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi. *** Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýokarda agzalan Oýunlara Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu ýygyndy toparlary toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow