Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Çap edildi 12.04.2018
1723

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Ilham Aliýewiň saýlawlarda gazanan ýeňşiniň azerbaýjan halkynyň onuň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluna uly ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýandygyny belledi. “Türkmenistan bilen Azerbaýjany köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň iki doganlyk halkyň bähbidine türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny depginli ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewe berk jan saglyk we abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkynyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow