Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, mart aýynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen geçirilen köp sanly çäreler milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň we işjeňliginiň aýdyň subutnamasy boldy. Syn berilýän aýdaky möhüm wakalaryň arasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystana goldaw bermek boýunça halkara tagallalary goldamak baradaky Kararnamasy bar. Türkmenistanlylar tarapyndan aýratyn buýsanç bilen garşylanan bu Kararnama 2018-nji ýylyň 8-nji martynda Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu möhüm resminamada Türkmenistanyň goňşy döwletiň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerine esasy orun berilýär. Hususan-da, Howpsuzlyk Geňeşi öňe sürlen başlangyçlar esasynda sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary goldady we bu ugurda degişli işleri alyp barmaga ähli ýurtlary çagyrdy. Bu başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) üstaşyr, söwda we ulag geçelgesini döretmek hakyndaky ylalaşyk, Türkmenistandan Owganystana demir ýoly gurmak taslamasy bar. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny anyk durmuşa geçirmek 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy, ýakynda bolsa bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Şol bir wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça işler başlandy. Biziň ýurdumyz ulag ulgamy boýunça hem uly işleri alyp barýar. Owgan halkyna kömek hökmünde Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy demir ýollary guruldy hem-de ulanylmaga berildi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi öz kabul eden Kararnamasynda bu iri möçberli işleri nazara almak bilen, şol taslamalary we ylalaşyklary anyk durmuşa geçirmek maksady bilen, howpsuzlyk şertlerini üpjün etmäge, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge ähli gyzyklanýan taraplary çagyrdy. Bu resminama Merkezi Aziýada we oňa serhetdeş sebitlerde giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen Kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ornuny we abraýyny berkidýär hem-de has-da artdyrýar. Bu resminama bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary we bu iri halkara gurama bilen özara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ynamly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň dünýä derejesinde tutýan ornunyň barha pugtalanmagy bilen baglylykda, makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolandygyny bellemek gerek. Iş saparynyň jemi boýunça HPG-niň wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi. Onda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň az-kem kadalaşýan hem bolsa, daşarky ýagdaýlaryň durnuksyz bolmagyna uýgunlaşmagyny dowam edýändigi bellenilýär. Geçen ýyl ösüş depgini 6,5 göterime deň bolup, muňa tebigy gazyň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň artmagy, giň gerim bilen alnyp barlan karz syýasaty ýardam etdi. Şunda gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň ulanylmaga berilmeginiň we iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda ykdysady işjeňligiň geljekki ösüşine ýardam berjekdigi bellenildi. Geçen aýdaky wakalara synymyzy dowam edip, 1- 3-nji martda türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň bolup geçendigini bellemelidiris. Däbe öwrülen bu sergi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga, geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. 12-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi hem iki ýurduň özara gatnaşyklaryna bagyşlandy. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar toparyň öňki mejlislerinde kabul edilen, köp bölegi eýýäm durmuşa geçirilen çözgütleriň ýerine ýetirilişiniň barşyny seljerdiler. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, serhet hem-de gümrük düzümlerini kämilleşdirmegiň, kontrabanda we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, umumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meseleleri boýunça maglumatlary alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny anyklaşdyrmak 27-nji martda Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran işewürler maslahatynyň jemine öwrüldi. Wakalaryň yzygiderliligine dolanmak bilen, Aşgabatda 5 - 6-njy martda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň howandarlygynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň mejlisiniň guralandygy bellärliklidir. Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli özara hereket etmegiň täze ugurlaryny kesgitlemekden, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. 7-nji martda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine söwda ulgamynda, nebitgaz pudagynda, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, daşky gurşawy goramak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi. 5 - 6-njy martda Berlinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy. Forumda ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütler işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde GFR-iň Uly bilermenleriň gullugynyň (SES) wekili, professor Wolfgang Kaşka bilen duşuşygyň guralandygyny bellemek gerek. Ol ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary bilen tejribesini we ylym dersi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň iş tejribesi hökmünde newrologiýany ösdürmek boýunça garaýşyny paýlaşdy. 28-nji martda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” atly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri, türkmen lukmanlary — çaga lukmanlary hem-de alymlar gatnaşdylar. Şonuň öň ýanynda bolsa BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maslahatlar zalynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maksatnamasynyň çäklerinde irki goşulyşma boýunça milli binýady döretmek meseleleri ugrundan BSGG-niň hünärmenleri bilen “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Daşkentde mart aýynyň başynda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy. Dostlukly ýurda saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow tarapyndan kabul edildi. Goňşy ýurduň iri döwlet we hususy düzümleriniň 29 — 31-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek guralan Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisine gatnaşmagy özbek önüm öndürijileriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin gatnaşyklara ýokary gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy. Bu ýöriteleşdirilen sergi iki döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen guraldy. 5 - 15-nji mart aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guralan “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem bilermenler — HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasat, dolandyryş, ekologiýa, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň meýilnamasy Hazarýaka döwletleriniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlardaky özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. 12 — 13-nji martda DIM-de Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda uzak möhletleýin gatnaşyk etmek üçin hukuk binýadynyň işlenilip taýýarlanylmagy dowam etdi. Hususan-da, taraplar Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň tehniki taraplaryny ylalaşmagyň üstünde işlediler. 13-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, BMGÖM-niň hem-de USAID-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine MASYH-nyň işiniň gündelik ugurlaryny seljermek, energetika ulgamyna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, iş meýilnamasyna syn bermek we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de dünýäde energetika pudagynyň ösüşini çaklamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 15-nji martda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Astanada (Gazagystan Respublikasy) geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ulgamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda 30-njy martda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşan meselesi boldy. Okuw maslahaty Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Tanyşdyryş çärelerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ähli wezipelerini, hususan-da, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, bilim, saglygy goraýyş, ykdysady işjeňlik, gender deňligini üpjün etmek, ekologiýa durnuklylygy ulgamlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmekde gazanylan üstünlikler barada anyk mysallar getirildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 23-nji martda Ženewada geçirilen 37-nji mejlisinde “Sport we olimpiýa ýörelgeleri arkaly adam hukuklaryna ýardam bermek” Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigini bellemelidiris. Onda beýleki başlangyçlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny pugtalandyrmaga gymmatly goşandyny höweslendirmek hakyndaky başlangyjy hem öz beýanyny tapdy. BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň şu resminamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şu Kararnama awtordaş hökmünde çykyş etmegi hem-de türkmen tarapynyň ony işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemegi Milletler Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Syn berilýän aýda Daşary işler ministrliginde gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 6-njy martda Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary A.W.Gruzdewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirilip, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, senagat, energetika, gurluşyk, oba we balyk hojalygy, ylmy-tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 9-njy martda DIM-de Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Şahriýar Alam bilen bolan gepleşikleriň barşynda ykdysadyýet, maýa goýumlary, oba hojalygy, himiýa senagaty we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we YHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şol gün türkmen-türk daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirilip, terrorçylyk we ekstremizm ýaly, döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny birleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. 19-njy martda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Bižan Namdar Zanganiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, döwlet we hususy düzümleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdylar. 23-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Ol parlament saýlawlaryna baha bermäge gatnaşmak üçin GDA-dan synçylaryň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtynda boldy. Taraplar 25-nji martda geçirilen saýlawlar bilen baglanyşykly meselelerden başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. 24-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary N.Akkoşkarow bilen gepleşikler geçirildi. Ol Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda halkara synçylaryň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi. Gepleşikleriň barşynda, esasan, saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 28-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Milli diplomatik akademiýasynyň kansleri Ço Býong Jeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň diplomatik edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler beýan edildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 30-njy martda Seulda (Koreýa Respublikasy) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakyndaky maksatnama gol çekilendigini bellemelidiris. Çäk taýdan amatly ýerleşýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Munuň özi sebitiň hem-de tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmelidir. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, syn berilýän aýda döwletimiziň daşary ýurtlardaky wekilhanalary Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyndaky, energetika diplomatiýasyndaky strategiýasynyň esasy ugurlary, dürli ulgamlarda gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga bagyşlanylan dürli çäreleri geçirmegi dowam etdiler. Şeýle çäreleriň hatarynda Beýik Britaniýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Rumyniýada, Belarus Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlar bar. 14-nji martda Türkiýäniň Kyrklareli uniwersitetinde Halkara Nowruz güni mynasybetli talyplar sergi guradylar. Onda Türkmenistanyň baý medeni we gadymy taryhy görkezildi. Çärä gatnaşyjylarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Küştdepdi” tansy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 28-nji martda Moskwada ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy tarapyndan guraldy. Konserwatoriýanyň Rahmaninow zalynda geçirilen döredijilik çäresine Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlary, döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, daşary ýurtlaryň ilçileri hem-de diplomatlary, işewürler, žurnalisitler, medeniýet we sungat işgärleri, Russiýada ýaşaýan ildeşlerimiz hem-de Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary ýygnandylar. Mahlasy, mart aýynyň wakalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny görkezdi. Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine giň hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksady bolup durýar.