Ýurdumyzyň paýtagtyna Aziýa Futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifiň baştutanlygyndaky (AFK) wekiliýet iş sapary bilen geldi. Myhmanlar Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara jaýynda bolup, bu ýerde onuň işi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösdürilmeginiň geljegi hakynda anyk gürrüň edildi. Soňra myhmanlar ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary we klubuň ýolbaşçylary — milli çempionata gatnaşyjylar bilen duşuşdylar. Aziýa Futbol konfederasiýasynyň baş sekretary Dato Windzsor Jon Türkmenistanda futbolyň ösüşiniň oňyn depginini belledi. Munuň şeýledigine türkmen türgenleriniň halkara arenadaky üstünlikleri, şol sanda milli ýygyndy toparymyzyň Aziýanyň Kubogy — 2019 ugrundaky ýaryşyň tamamlaýjy bölegine çykmagy-da şaýatlyk edýär. Bu oýun Birleşen Arap Emirliklerinde bolup geçer. Mundan başga-da, ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary Tailandda futzal boýunça geçjek Aziýanyň çempionatynyň tamamlaýjy ýaryşyna gatnaşarlar. Munuň özi türkmen futzalçy zenanlarynyň şeýle iri ýaryşlardaky ilkinji çykyşydyr. Maslahatda şu ýylyň Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Aziýanyň Kubogy ugrundaky ähmiýeti boýunça ikinji ýaryşda “Altyn asyr” we “Ahal” toparlarynyň şowly çykyşlary bellenildi. Baş sekretar şeýle hem birnäçe sowallara, şol sanda türkmen toparlarynyň çykyş etjek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň düzgünlerine üýtgetmeler girizmek bilen baglanyşykly sowallara jogap berdi. AFK-nyň wekiliýetiniň agzalary biziň ýurdumyzda bolmaklarynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetinde hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylygy bilen duşuşyklar geçirdiler. AFK-nyň wekilleri paýtagtymyzyň sport desgalaryna, hususan-da, halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we geçen ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünlikler bilen geçen Olimpiýa şäherçesine ýokary baha berdiler. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň sport düzümleri işjeň ösýär. Bu oňyn hereket futbolyň hem duşundan geçmedi. Aşgabatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän stadionlaryň üçüsi ýokary derejedäki oýunlary kabul edip biler. Ondan başga-da, welaýatlaryň her birinde häzirki zaman futbol meýdançalary guruldy. Hususan-da, diňe şu ýylyň özünde Balkanabadyň sport toplumynda birnäçe halkara oýunlar bolup geçdi.