Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — ÝHHG: häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — ÝHHG: häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 03.04.2018
1828

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara bilermenleri we hünärmenleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň işgärleri hem-de ABŞ-nyň, Niderlandlaryň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň degişli düzümleriniň wekilleri çagyryldy. Okuw maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, bu ählumumy nogsanlyklara garşy durmagyň halkara ulgamynyň ýola goýulmagy, uzakmöhletleýin esasda dürli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi netijesinde zorlukly ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmek has netijeli bolýar. Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda radikallaşmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň oňat tejribesine aýratyn üns berdiler. Döwletimiziň bitaraplyk derejesiniň hem-de sebitdäki we tutuş dünýädäki parahatçylyk dörediji ornunyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesli türkmen halkynyň belent ahlak we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge gönükdirilen öňdengörüjilikli hem-de oňyn syýasatynyň ekstremistik ideologiýanyň islendik ýüze çykmalaryna netijeli garşy durmaga mümkinçilik berendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň terrorçylyga garşy göreşmekde dünýä bileleşigi we abraýly düzümler üçin aýratyn gyzyklanma döredýändigini nygtadylar. Ýurdumyzyň tejribesi bolsa şeýle transmilli howplaryň öňüni almak we garşy durmak boýunça halkara tejribesini kämilleşdirmäge ýardam edip biler. Iki günlük halkara okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri ätdiler hem-de zorlukly ekstremizme we radikalizme garşy göreşmekde dürli milli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow