Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 30.03.2018
1705

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözgüdine bolan garaýyşlaryň birligi we özara ýakynlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň milli şertlerine uýgunlaşmagy boýunça geňeşmeleri başlan we zerur çäreleri üstünlikli amala aşyrýan ýurtlaryň ilkinjileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň sammitinden soň BMG-niň Ýurtlar toparynyň we döwletimiziň Hökümetiniň ählumumy maksatnamalaýyn resminamalary amala aşyrmagyň üç tapgyrlaýyn meýilnamasyny ylalaşandygy bellenildi. 2015-nji ýyldan soň, BMG-ä agza ýurtlaryň degişli borçnamalaryna, halkara hukuga laýyklykda, Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähli derejedäki toparlaýyn hereketlere bolan toplumlaýyn çemeleşmeler talap edilýär. Resminamada kesgitlenen maksatlar we wezipeler häzirki zamanyň has möhüm meselelerini öz içine alýar. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda 2030-njy ýyla çenli bolan Gün tertibiniň, hususan-da, halkyň abadançylyk derejesini, bilimi, saglygy goraýşy, ykdysady işjeňligi ýokarlandyrmak, gender deňligini, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek babatdaky ähli meseleler boýunça gazanylan üstünlikler barada anyk mysallar getirildi. Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň çärelerine baha bermegiň anyk usullary we onuň gurallary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow