Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: türkmen jemgyýeti demokratik ýörelgelere ygrarlydyr
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: türkmen jemgyýeti demokratik ýörelgelere ygrarlydyr
Çap edildi 25.03.2018
2130

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutany irden Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän saýlaw uçastogyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti ses bermek üçin býulleten alyp, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Şu gün ýurdumyzda ähmiýetli syýasy çäräni geçirýäris. Agzybirlikde ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara giň bäsdeşlik esasynda başlandy—diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Bir orna iki hem-de üç dalaşgäriň görkezilmegi saýlawlaryň hakykatdanda giň bäsdeşlik esasynda geçýändigini äşgär edýär. Ýeri gelende bu gezekki saýlawlara üç syýasy partiýalaryň işjeň gatnaşandygyny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini, köp partiýalylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa halkymyzyň agzybirligniň, jebisliginiň aýdyň subutnamasydyr—diýip Milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnama kabul edilip, onuň esasy özeniniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny bellemeli. Şu günki geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde äýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, her bir dalaşgäre üstünlik, halkymyza abadan, bagtýar durmuşy, mähriban Diýarymyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edýärin--diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Wideoýazgyny “Multimedia” bölüminde görüp bilersiňiz.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow