Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Çap edildi 22.03.2018
1686

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Prezident, gadyrly doganym, Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly, doganlyk türkmen halkyny müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nurana geljegini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlygyna öwrülen Nowruz baýramy dünýäniň ähli künjeklerinde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu baýramçylyk tutuş dünýä parahatçylyk baradaky çagyryşy ýollap, söýgi we doganlyk duýgularyny peşgeş berýär. Nowruz baýramynyň gelmegi bilen, diňe bir biziň ýurtlarymyzda hem-de sebitimizde däl, eýsem, tutuş dünýäde asudalygyň, bagtyýar durmuşyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagyny arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Rejep Taýyp ÄRDOGAN, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow