Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 21.03.2018
1781

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident, Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan däp bolan Nowruz baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň halkyny gutlaýaryn. Men biziň dostlugymyza uly sarpa goýýaryn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýärin. Şu ýylyň iýun aýynda Sindao şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine Siziň gatnaşmak meýliňizi mübärekleýärin. Siziň bilen strategik hyzmatdaşlygyň hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardyryn. Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin. Si SZINPIN, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Öz adymdan we azerbaýjan halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny baý milli ruhy gymmatlyklary alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigatyň oýanmagyny we janlanmagyny alamatlandyrýan bu bahar baýramy adamlary döredijilige, dostluga we raýdaşlyga çagyrýar. Biziň halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris. Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham ALIÝEW, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident, Nowruz baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Gruziýa hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berýär. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljekde döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine has-da berkejekdigine we çuňlaşjakdygyna ynanýaryn. Tebigatyň oýanmagyny alamatlandyrýan bu ajaýyp günde Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Giorgiý MARGWELAŞWILI, Gruziýanyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow