Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady
Çap edildi 19.03.2018
1752

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz hatynda Russiýanyň halkynyň saýlawy Wladimir Putiniň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar diýip belledi. “Siziň parasatly we uzakdangörüji ýolbaşçylygyňyzda Russiýanyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna, şeýle hem halkara giňişlikde öz at-abraýyny yzygiderli berkitjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Biziň dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça many-mazmunly gatnaşyklarymyzy we bilelikdäki netijeli işlerimizi dowam etdirjekdigimize ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbitlerine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow