Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi
Çap edildi 19.03.2018
1751

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Türkmenistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaýyň uly üstünlikler gazanjakdygyna, döwletara gatnaşyklarymyzyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi. Döwlet Baştutanymyz Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, zähmetsöýer hytaý halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow