Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi
Çap edildi 17.03.2018
2051

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 10 ýyllyk senesi, şeýle hem Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisiniň hem-de TSBT-niň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen gutlaýaryn--diýlip döwlet baştutanynyň pudaklaýyn foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar. Bu şanly senäniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenmeginde gadymy türkmen täjirleriniň, telekeçileriniň hyzmaty örän uludyr. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Häzirki döwürde ýetilen belent sepgitler we uly üstünlikler ýurdumyzda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli artdyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga giň ýol açýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli senagat önümleriniň giň görnüşlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, işe girizilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işewürlerimiz önümçilik ulgamyny ösdürmekde, esasan hem ýerli çig maly we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, döwrebap kärhanalary, şol sanda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhanalary gurup, önümçilik binýadyny güýçlendirmegiň hötdesinden geldiler. Olar azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň, mebel, haly önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň, plastmas, polietilen önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, öý hojalyk tehnikalarynyň, şeýle hem täze pudak bolan elektron we elektrotehniki harytlaryň hem-de beýleki daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýup, içerki bazarlary öz harytlarymyz bilen üpjün etdiler. Türkmen telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berýär. Gurluşyk pudagynda toplanan tejribeleriň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylmagy türkmen telekeçileriniň has uly taslamalar boýunça hem öz ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzda hem-de gözel Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bina edilen durmuş ähmiýetli desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde gurluşyk ulgamynda türkmen işewürleriniň hünär derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy olara diňe bir içerki bazarda uly möçberli gurluşyklary üstünlikli ýerine ýetirmäge däl, eýsem, gurluşyk hyzmatlarynyň daşary ýurtlara eksportyny ýokarlandyrmaga hem uly itergi berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu sergisiniň hem-de TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň türkmen telekeçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmak işlerinde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn—diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda nygtalýar.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow