Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TSTB-e Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Lebapda kalýi dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler
Syýasy habarlar
TSTB-e Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Lebapda kalýi dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler
Çap edildi 16.03.2018
1807

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow