Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Syýasy habarlar
Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Çap edildi 16.03.2018
3605

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow