Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine paýtagtymyzda binalar toplumyny gurmak üçin ýer bölünip berildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine paýtagtymyzda binalar toplumyny gurmak üçin ýer bölünip berildi
Çap edildi 16.03.2018
1771

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyny gurmak üçin, Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga bermek bellenildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan ýer bölegini bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyna barýan köçeleriň we ýanýodalaryň, estakada görnüşli köprüleriň, suw çüwdürimleriniň, çagalar dynç alyş meýdançalarynyň, emeli kanalyň hem-de olara degişli bolan gök zolaklaryň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Beýik — Bina” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow