Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynda eksport geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 27,5 million dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynda eksport geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 27,5 million dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 10.03.2018
1934

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna, portlantsement, nah ýüplük we gyzyl noýba ýerlenildi.Satyn alan ýurtlar: Pakistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 500 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Pakistandan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 655 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow