Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler
Syýasy habarlar
GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler
Çap edildi 05.03.2018
1760

Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen bolan duşuşygyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana netijeli hem-de milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada giňişleýin habar berildi, şeýle hem saýlawlara gözegçilik etmek üçin zerur şertler dörediler. Öz nobatynda W.Guminskiý GDA-nyň synçylar toparynyň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy. Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işidiginden ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelşine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçrilmegine ýardam etmekden ybaratdyr. Toparyň düzümine 80 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirýär, şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletli esasda işlär. Bu barada toparyň edarasy tarapyndan ýaýradylan habarda bellenildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow