Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Çap edildi 04.03.2018
1796

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Armen Sarkisýany Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär diýip bellemek bilen, dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň biziň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Armen Sarkisýana berk jan saglyk we abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ýurduň dostlukly halkynyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow