Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşkentde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Daşkentde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
Çap edildi 03.03.2018
1729

2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekilýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyda 2018-2020-nji ýyllarda Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany durmuşa geçirmek jähtinden ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ulag -üstaşyr ulgamda özara hereketi işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesi hakynda şertnamalaryň wajyplygy nygtaldy, şeýle hem Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň işe girizilmeginiň ykdysady taýdan netijeliligine ýokary baha berildi, ol iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliginiň artmagyna ýardam edýär we Transkawkaz ulag geçelgesi arkaly daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin amatly şertler döredýar. Taraplar medeniýet, ylym, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Forumyň meýdançasynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisiniň netijesi boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Daşkente saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilýetini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, energetika, söwda-ykdysady, ulag we ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleri giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň işewür gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. Türkmen wekilýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çemeleşmeleri ylalaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň we gurluşlarynyň çäklerinde özara hereketleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy nygtaldy. Saparyň barşynda türkmen wekilýeti Daşkendiň oba hojalyk tehnikasyny öndürýän zawodyna we demir ýol ýolagçylar wagonlaryny abatlamak boýunça zawoda baryp gördüler, şeýle hem Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow