Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy
Çap edildi 02.03.2018
2530

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy. Bölek satuw-haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,1 göterim köpeldi. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy. Harytlaryň we önümleriň eksporty 18 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2 milliard manada we çykdajy bölegi 1,9 milliard manada deň boldy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 63-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 416,9 müň inedördül metrden gowragynyň, dürli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy we jemi 172,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow