Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi
Ykdysadyýet
Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi
Çap edildi 02.03.2018
1997

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilende harytlaryň käbir görnüşleri gümrük paçlaryndan boşadyldy. Resminama daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden kem bolmadyk ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň önümçiligi boýunça bar bolan ähli mümkinçilikleriň netijeli herekete getirilmegine gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine hususy bölegiň wekilleri işjeň çekilýär, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, onuň bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginde telekeçilige uly orun degişlidir.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow