Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady
Ykdysadyýet
Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady
Çap edildi 02.03.2018
1566

Düýn paý­tag­ty­myz­da açy­lan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de şu gün iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nan türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ser­gi­de dost­luk­ly ýur­duň eks­port önüm­le­ri, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Eý­ra­nyň se­na­gat top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň her ýyl ge­çi­ril­ýän göz­den ge­çi­ri­li­şi­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da uly işe­wür­ler to­pa­ry gel­di. Däp bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn ser­gi hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak we onuň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň düýn ge­çi­ri­len du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da bel­le­nil­di. Iki goň­şy döw­le­tiň ne­ti­je­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge, ma­ýa go­ýum işi­ni hö­wes­len­dir­mä­ge, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge me­ýil­li­di­gi nyg­tal­dy. Şu ge­zek­ki yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş hem şol mak­sat­la­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ser­gi Eý­ra­nyň se­na­gat to­par­la­ry­nyň ýur­du­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Onuň meý­dan­ça­la­ryn­da dür­li ul­gam­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň ge­ňeş­me­le­ri we iş gep­le­şik­le­ri iş­jeň ge­çi­ril­ýär, işe­wür gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň, hyz­mat­daş­la­ryň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ge­çi­ri­len işe­wür­ler mas­la­ha­ty ta­rap­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň ösü­şi­niň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mil­li hem-de se­bit möç­be­rin­dä­ki bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Du­şu­şy­ga Ho­ra­sa­nyň, Ma­zan­da­ra­nyň, Gü­lüs­ta­nyň, Bir­jan­da şä­he­ri­niň, şeý­le hem Sa­rah­syň ýö­ri­te­leş­di­ri­len yk­dy­sa­dy zo­la­gy­nyň se­na­gat mer­kez­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän eý­ran kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň 65-si­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Türk­men ta­ra­pyn­dan söw­da-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Fo­ru­myň bar­şyn­da myh­man­la­ra hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­ler, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­rynyň we tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän wi­deo­şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Şeý­le hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy gu­ral­dy. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Açyk ga­py­lar” we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, şu gün­ki du­şu­şy­gyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de, uzak ­möh­let­li gel­je­gi üçin işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny we gu­ral­la­ry­ny kes­git­le­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ýurt­la­ryň iki­sin­de hem dö­re­dil­ýän amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy, içer­ki ba­zar­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem-de tä­ze­lik­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, ha­ryt­la­ryň eks­por­ty­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy mu­ňa ýar­dam ed­ýär. Ulag we ara­gat­na­şyk, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy, azyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň tä­ze mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk top­lum­la­ry­ny, ýy­la­dyş­ha­na önüm­çi­lik­le­ri­ni gur­mak, öň­de­ba­ry­jy bio­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm ul­gam­la­ryn­da öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň işe­wür­le­ri­niň we kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan se­na­gat pu­dak­la­ryn­da­ky bi­le­lik­dä­ki işi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öz­leş­di­rip, önüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mek we ýer­le­mek, da­şar­ky ba­zar­lar­da hyz­mat et­mek ul­gam­la­ryn­da uly kuw­wa­ta eýe bol­du­lar. Mu­nuň özi eý­ran­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­lar­da uly ýar­dam bo­lar. Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de goň­şy ýurt­la­ryň dür­li eda­ra­la­ry­nyň we işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ola­ryň bar­şyn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Soňky habarlar
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
top-arrow