Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aş­ga­bat­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy
Ykdysadyýet
Aş­ga­bat­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy
Çap edildi 01.03.2018
1837

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si açyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän eý­ran ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýän bu çä­re asyl­ly dä­be öw­rül­di, ol iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga, gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, iki goň­şy ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şu ge­zek­ki fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan we 60-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par Aş­ga­ba­da gel­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry, dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan işe­wür­ler bar. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi üçin bu ser­gi ýur­du­myz­da öz önüm­le­ri­ni gör­kez­mek, türk­men kär­deş­le­ri bi­len gel­jek­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­mek­de baş­lan­gyç meý­dan­ça bo­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik dü­zü­miň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-nyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne hem-de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­ýar, bu gat­na­şyk­la­ryň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hy ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr diý­lip, Gut­lag­da bel­le­nil­ýär. Uzak­ möh­let­li gel­je­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gel­je­gi uly bo­lan mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar we iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär, tu­tuş se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne hyz­mat ed­ýär. EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra gut­lag söz­le­ri bi­len ýüz­le­nip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. Eý­ra­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Eý­ra­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň şu ge­zek­ki iri möç­ber­li ser­gi­si öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer. EYR-nyň se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­na, şol san­da Türk­me­nis­ta­na eks­port edil­ýän önüm­le­ri­niň we ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­ni gör­kez­ýän kö­pu­gur­ly ser­gi­si mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ser­gi ýur­du­my­zyň hyz­mat­daş­la­ry­my­z bilen mö­hüm ugur­lar­da, şol san­da bi­le­lik­dä­ki önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak­da has ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny gör­kez­di. Ser­gi meý­dan­ça­la­ry­nyň giň bö­le­gi­ni gur­lu­şyk se­na­ga­tyn­da, ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­gam­la­ry üçin se­na­gat en­jam­la­ry­ny çy­kar­ýan önüm­çi­lik­de, guş­çu­lyk­da hem-de mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­da, azyk pu­da­gy we ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän iri kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri eýe­le­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Towchal Const­ructi­on Co” gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bar, bu kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Te­jen der­ýa­syn­da Sa­rahs — Sa­rahs ser­het­ýa­ka köp­rü­si gu­rul­dy. “Da­boo Sa­nat” kom­pa­ni­ýa­sy ýy­ly­lyk üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy gör­nüş­le­ri­ni, kö­pu­gur­ly elekt­rik be­ket­le­ri­niň, gyz­dy­ry­jy­la­ry we beý­le­ki se­na­gat en­jam­la­ry­ny hö­dür­le­ýär, olar in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da çy­ka­ryl­ýar. “Toyou­ran ab­zar Co”, “Es­kan toyour”, “Zar­rin Da­neh”, “Se­pa­han Da­neh Par­sian” kär­ha­na­la­ry­nyň bö­lüm­le­rin­de döw­re­bap guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň, ga­ry­şyk iým­le­riň hem-de ýo­kum­ly go­şun­dy­la­ryň önüm­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry düz­mek, gur­mak we teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­mak hyz­mat­la­ry hem-de tek­lip­le­ri hö­dür­le­nil­ýär. “Def­ne Se­raj­lik & PATS Co” kom­pa­ni­ýa­sy türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýär, bu kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da iri ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Gel­jek­de bu kär­ha­na Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. So­wa­dyş we ho­wa­ny ça­lyş­mak ul­gam­la­ry üçin en­jam­lar top­lu­my­nyň önüm­çi­li­gin­de in­no­wa­si­ýa­la­ry peý­da­lan­ýan “Hava Cel­lu­lo­se” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Bir­jan şä­he­ri­niň söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Ho­ra­san we­la­ýa­ty­nyň mil­li se­na­gat kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, bu we­la­ýa­tyň Eks­port­çy­lar bir­le­şi­gi­niň bö­lüm­le­rin­de gur­lu­şyk se­na­ga­ty we bi­na­la­ryň ti­mar­lan­ma­gy hem-de iç­ki jaý­lar üçin taý­ýar önüm­le­riň — po­lat gur­na­ma­la­ryň (“Is­ta steel structu­re”) dür­li gör­nüş­le­ri we öl­çeg­li se­riş­de­ler, ka­bel­ler hem-de elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler (“Af­lak Ekectric), plas­tik­den we po­li­mer­ler­den ýa­sa­lan önüm­ler, tur­ba, ka­fel hem-de ke­ra­mi­ka se­riş­de­le­ri, azyk we ýe­ňil se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň, dur­muş hi­mi­ýa­sy­nyň taý­ýar önüm­le­ri­niň giň gör­nü­şi gör­ke­zil­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti hem-de söw­da kär­ha­na­la­ry üçin so­wa­dy­jy­la­ry we doň­du­ry­jy­la­ry ön­dür­ýän “Electro Steel” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bö­lüm­le­ri türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­di. Ser­gä yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­la­ryň ha­ta­ryn­da “Iran Khod­ra” mil­li aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy kon­sor­siu­my­nyň we­ki­li bar. Bu ser­gi­de 2018-nji ýy­la degişli “Peu­geot”, “Re­nault”, “De­na+”, “Ari­san” ýe­ňil ky­sym­ly aw­to­mo­bil­le­riň bir­nä­çe nus­ga­la­ry gör­ke­zil­ýär. Ola­ryň äh­li­si hä­zir­ki za­man ýew­ros­tan­dart­la­ry­nyň, ener­gi­ýa tyg­şyt­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ri­lip­dir. EYR-nyň il­çi­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky me­de­ni mer­kez, “Sa­de­rat-Eý­ran” ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy hem ser­gi­de öz bö­lüm­le­ri­ni gu­ra­dy­lar, olar işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant goş­ýar­lar. Ne­pis na­gyş­lar bi­len be­ze­len gap-gaç­la­ryň nus­ga­la­ry ser­gi­ni be­ze­di, bu­lar “mi­na­ka­ri” we “ha­tam­ka­ri” usu­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len el iş­le­ri­dir, ga­dy­my su­rat­keş­lik eser­le­ri hem-de ha­ly­lar, seý­rek ki­tap ne­şir­le­ri, ly­bas­lar we sow­gat­lyk­lar­dyr bu önüm­ler­de eý­ran hal­ky­nyň baý ta­ry­hy hem-de sun­ga­ty öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Üç gü­nüň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­li­şe gel­ýän­le­re iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we iş­läp taý­ýar­la­ma­lar bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik bo­lar, bu ýe­re gel­ýän­ler öza­ra bäh­bit­ler esa­syn­da gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ba­ba­tyn­da bel­li bir ne­ti­jä ge­lip bi­ler­ler. 2-nji mart­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler, onuň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri gel­jek­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni, mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy na­za­ra al­mak bi­len has amat­ly ugur­la­ry ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.

Soňky habarlar
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
top-arrow