Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi
Çap edildi 01.03.2018
4750

Si­zi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­ny, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn. Öz göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan do­gan­lyk türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy iki ýur­duň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­ly pu­dak­lar ke­ma­la gel­ýär we döw­re­bap kär­ha­na­lar gu­rul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan öz ha­ryt­la­ry­ny dün­ýä we se­bit ba­zar­la­ry­na iber­mek­de eý­ran­ly işe­wür­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Hor­mat­ly myh­man­lar! Eziz wa­tan­daş­lar! Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Bu ba­bat­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran to­pa­ry­nyň, türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Bu çä­re­le­riň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür­le­ri üçin iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge we hä­zir­ki dö­wür­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň örän mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­rär. Bu bol­sa Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň bi­ziň ýur­du­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­ke­zer. Uzak möh­let­li gel­je­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gel­je­gi uly bo­lan mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar we iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu gat­na­şyk­lar pa­ra­hat­çy­ly­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň we tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne we aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat ed­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu giň möç­ber­li çä­rä­niň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Hor­mat­ly ser­gä gat­naş­ýan myh­man­lar! Hor­mat­ly adam­lar! Si­zi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ber­ke­me­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow