Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen hokkeýçileri Saraýewodaky deslapky ýaryşda öňde barýar
Sport
Türkmen hokkeýçileri Saraýewodaky deslapky ýaryşda öňde barýar
Çap edildi 27.02.2018
3458

Ýurdumyzyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýäniň üçünji diwizionynyň deslapky ýaryşlarynda ynamly badalga aldy. Bu ýerde BAE-niň, Kuweýtiň hem-de ýer eýeleri Bosniýanyň we Gersogowinanyň türgenleri biziň toparymyzyň bäsdeşleri boldular. Ilkinji oýunda türkmoen hokkeýçileri BAE-niň türgenleri bilen güýç synanyşdylar. Ýurdumyzyň ýygyndysy duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap işjeňlik görkezdiler. Ýöne, diňe ikinji 20 minutlykda hüjümçimiz Işan Weliýewiň urgusy netijeli boldy. Duşuşygyň üçinji bölegi has çekeleşikli boldy. Türkmenistanlylar garşydaşlarynyň derwezesinden hokkeý topuny üç gezek geçirmegi başardylar. Tapawutlanan oýunçylaryň hatarynda Amangeldi Aganyýazow, Döwlet Söýünow, Arslan Geldimyradow bar. Netijede BAE-niň topary bilen geçirilen oýun 4:0 hasabynda biziň oýunçylarymyzyň ýeňşi bilen tamamlandy. Kuweýtiň ýygyndysy bilen bolan oýunda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Baýram Allaýarowyň şägirtleri garşydaşlaryndan uly hasap – 24:2 hasaby bilen üstün çykdylar. Toparymyzyň kapitany Ahmet Gurbanow dört hokkeý topuny derwezeden geçirip hem-de şonça-da topy dürs berip, bu görkeziji boýunça iň gowy oýunçy boldy. Bu duşuşykda Işan Weliýewiň, Aleksandr Wahowskiniň, Arslan Geldimyradowyň, Döwlet Söýünowyň we Nikita Awdeýewiň her biri üç hokkeý topuny derwezeden geçirmegi başardylar. Döwlet Hydyrow, Pawel Barkowskiý, Dmitriý Sawin, Meýlis Kulyýew we Ýakut Berdiýew derwezä bir hokkeý topundan geçirdiler. Şeýlelikde Türkmenistanyň topary iň soňky oýnuň öňüsyrasynda 6 utuk toplap hem-de geçirilen we goýberilen hokkeý toplarynyň tapawudy boýunça Bosniýanyň we Gersogowinanyň ýygyndysyndan öňe geçdi. Bu ýurduň topary hem Kuweýtiň (8:1) hem-de BAE-niň (6:1) hokkeýçilerinden üstün çykmagy başardylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow