Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär
Syýasy habarlar
Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär
Çap edildi 23.02.2018
1815

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy. Pakistanyň lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine oýlanyşykly çemeleşýändigi hem-de bu strategiki ulgamda öňe süren oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Pakistanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, TOPH gaz geçirijisini gurmak pikiri iş ýüzünde amala aşyrylýar, diýmek, sebitiň halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar dikeldilýär we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Jenap Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, Pakistanyň täze energiýa geçirijisine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi. Munuň özi okgunly ykdysady ösüş depgini we degişlilikde, 270 million ilaty bolan ýurduň energiýa serişdelerine artýan islegleri bilen şertlendirilendir. Pakistanyň hökümetiniň Baştutany şeýle hem elektroenergetika ulgamyndaky taslamalaryň we Merkezi Aziýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etjek halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň ähmiýetini nygtady. Pakistan mundan beýläk hem bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, Premýer-ministr Şahid Hakan Abbasi aýtdy we TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlary, şeýlde hem Aziýanyň ösüş bankyny gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow